Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç”, “Bereket”, “Arzuw” myhmanhanalaryň kaşaň zallarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, özygtyýarly türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan ösmegine, ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna şahsy goşant goşan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň düzüm bölekleriniň wekillerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap myhmanhanalarynda geçirilen bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, hökümet agzalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar we myhmanlar bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, yhlasly zähmet çekenlere, işde ýokary netijeleri gazananlara döwlet derejesinde hormat goýulmagy biziň ýurdumyzda özleriniň halal zähmeti, tejribesi, bilimi hem-de yhlasy bilen mähriban halkyň abadançylygynyň bähbidine tagallasyny gaýgyrmaýanlara we Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezýänlere bildirilýän ýokary hormat-sylag edilýändiginden habar berýär.
Ýurdumyzyň beýik baýramçylygynyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilýän bu dabaraly çäre ähli raýatlaryň öndürijilikli işi, döwrebap ýaşaýşy we göwnejaý dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine, olaryň başlangyçlarynyň we hünär ösüşiniň höweslendirilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny äşgär etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilýän dabaralary açmak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Mejlisiň Başlygy Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zähmetkeşleri gazanan üstünlikleri bilen gutlady we olara bagt, abadançylyk hem-de ýurdumyzyň we türkmen halkynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze zähmet ýeňişlerini, döredijilikli üstünliklerini arzuw etdi.
Dabara gatnaşyjylar öz gezeginde milli Liderimize özleriniň işine ýokary baha berlendigi we türkmen halkynyň abadan hem-de bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabaraly çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we milletiň agzybirliginiň berkidilmegine, parahatçylygyň we jemgyýetdäki durnuklylygyň pugtalanmagyna, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda özleriniň güýç-gaýratlaryny, ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet Köşgünde ýurdymyzyň baş baýramy mynasybetli, şeýle hem döwlet sylaglarynyň eýeleriniň hormatyna guralan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylan dabaranyň jemini jemledi.
Aýdym-sazly çykyşlaryň maksatnamasyna berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, mähriban Watanymyza, halkyň Arkadagyna bagyşlanan aýdymlar girizildi. Şeýle hem onda milli nusgawy eserler, folklor çykyşlary, estrada aýdymçylarynyň aýdymlary, horeografiýa we edebi-sazly kompozisiýalar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şu günki geçirilen dabara häzirki zaman türkmen sungatynyň örän uly mümkinçiliklerini, onuň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we giň ugurlaryny, döredijilikli däplerini mynasyp dowam edýändigini aýdyň görkezdi.
Bu ýerde guralan şowhunly dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda sazlaşykly ösüş gazanýan we hil taýdan täze belentliklere çykan ýurdumyza, mähriban Watanymyza bolan söýgüden püre-pür halkymyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan üstünlikleriniň, belent sepgitleriniň aýdyň alamatyna öwrüldi.