Ï Gurban baýramy – ruhy tämizligiň, jebisligiň we hoşniýetliligiň baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurban baýramy – ruhy tämizligiň, jebisligiň we hoşniýetliligiň baýramy

view-icon 792
Şu gün Türkmenistanda dünýädäki ähli musulmanlaryň aýratyn gadyr goýýan mukaddes Gurban baýramy başlanýar. Bu baýram tutuş ýurdumyzda boýunça 3 günüň dowamynda giňden belleniler.

Gurban baýramy-- ählumum ruhy gymmatlyklary, ahlak tämizligini we belent ynsanperwerligi ündeýän baýram bolmak bilen, tutuş dünýäde şatlykly bellenilýär. Bu gün baýramçylyga mahsus bolan ruhubelentligi döredýän Gurban baýramy türkmen halkynyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna, ata Watanymyzyň öz belent geljegine tarap ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýär. Şu baýram mynasybetli ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýatlaryň şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Her bir maşgalada saçaklar giňden ýazylýar. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlygy dileg edilýär hem-de iň oňat arzuwlar aýdylýar.

Köp asyrlar bäri dowam edýän ýörelgelere laýyklykda, baýramçylygyň birinji güni Baýram namazynyň okalmagy bilen başlanýar. Munuň özi türkmen halkynyň jebisliginiň we agzybirliginiň, belent ruhy gymmatlyklara ygrarlylygynyň özboluşly nyşanydyr.

Mukaddes Gurban baýramy ynsanyň ruhy-ahlak gözelligini, ýagşy niýetlerini we ynsanperwer işlerini dabaralandyryp, adamlara şatlyk paýlaýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar hem-de Türkmenistanyň döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen öz röwşen we beýik geljegine ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Gutlagynda berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesiniň barha beýgelýän, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artýan bagtyýarlyk döwründe Gurban baýramy jebisligimizi, agzybirligimizi, biziň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan merdana ata-babalarymyzdan gelýän milli ruhy gymmatlyklarymyza we medeni däplerimize ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar diýip belledi.

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasynda haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan zyýaratçylaryň Mekgä we Medinä iberilmegi döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär hem-de her bir millete, halka mahsus bolan gymmatlyklarynyň we umumymilli mukaddeslikleriň berkarar bolmagyna we wagyz edilmegine ýardam berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gurban baýramy türkmen halkynyň ahlak ýörelgelerine laýyk gelip, durmuşyň ruhy esaslarynyň – ýagşylygyň, haýyr-sahawatyň we ynsanperwerligiň mizemezdigini ykrar edýär. Bu baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň her bir raýaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň gadymy ruhy we medeni ýörelgelerine abadançylygyň we rowaçlygyň wajyp ähmiýetli jäheti hökmünde aýawly garaýandygy hem-de mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýar.

Goý, gurbanlygyňyz we ýagşy dilegleriňiz kabul bolsun!