Ï Mary welaýatynyň pagtaçylarynyň ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynyň pagtaçylarynyň ýeňşi

view-icon 589
Şu gün bu ýerde welaýatyň pagtaçylarynyň şanly zähmet ýeňşine bagyşlanan dabaralar boldy. Olar şanly senäniň – Türkmennistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýylylygynyň öňüsyrasynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Welaýatyň pagtaçylary “ak altynyň” 335 müň tonnadan gowragyny ýygnap, ata Watanymyzyň uly harmanyna tabşyrdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, mehanizatorlaryna, ýygymçylarfyna we ähli oba hojalyk işgärlerine gutlagyny ruhubelent ýagdaýda diňlediler. Milli Liderimiz gazanylan bu üstünligiň welaýatyň “ak altyn” ussatlary, ähli oba zähmetkeşleri üçin uly abraýdygyny hem-de welaýatyň pagtaçy-kärendeçileriniň, mülkdarlarynyň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlarynyň, suw hojalyk işgärleriniň, oba hojalygyny, onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda uly işler alyp barýan adamlaryň ählisiniň agzybirlikli we yhlasly çeken zähmetiniň netijesidigini belledi.

Ýygym başlandan bäri welaýatyň pagta meýdanlarynda işler ýokary depgin bilen alnyp baryldy. Pagta ýygymyna gatnaşanlar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamak üçin öz güýçlerini aýaman zähmet çekdiler.

Welaýatyň ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleri netijeli işlediler – etraplardaky biolaboratoriýalaryň onlarçasy, şeýle hem biofabrikler suwaryşyň ähli tapgyrlarynda we pagtanyň hasyl toplaýan döwründe gowaçanyň zyýan beriji mör-möjeklerden goralmagyny üpjün etdiler. Etrap “Maryobahyzmat” önümçilik birleşikleriniň mehanizatorlary pagtanyň ýygnalmagyna önjeýli goşant goşdular. Olar welaýatyň etraplarynda pagta ýygymynda ulanylýan we beýleki tehnikany öňünden göwnejaý taýýarladylar, oňat hilli derejede abatladylar we tehniki taýdan hyzmat etmek işini geçirdiler. Munuň üçin Mary, Baýramaly we Ýolöten şäherlerinde pudaklaýyn abatlaýyş kärhanalary, şeýle hem her bir etrapdaky “Obahyzmat” birleşigi, ýöriteleşdirilen ignženerçilik gulluklary, abatlaýyş ussahanalary degişli işlere giňden çekildi.

Eýýäm sentýabryň birinji ongünlüginde daýhan birleşikleriniň pagta meýdanlarynda, ýagny gowaçalaryň ýapragy düşürilen ýerlerde “Jon Dir” we “Keýs” kysymly döwrebap we ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy maşynlar işledilip ugraldy. Meýdanlary defoliantlar bilen işläp taýýarlamak oňaýly agrotehniki möhletlerde geçirildi, munuň özi gymmatly tehniki ekiniň mehanizasiýa arkaly ýygnalmagynyň netijeli bolmagyny üpjün etdi, ýygymda pagta ýygyjy maşynlaryň 150-ä golaýy ulanyldy.

Pagtany maşyn bilen ýygnamak bilen birlikde, ony el bilen ýygmak amala aşyryldy. Eýýäm oktýabryň birinji ýarymynda etrapllarda zähmet ýeňişleri gazanylyp ugraldy. Ilki bilen tagtabazarlylar, soňra türkmengalalylar pellihana ýetdiler, soňra Oguzhan, Ýolöten, Baýramaly etraplarynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu üstünlik ilkinji nobatda, her bir gektaryň hasyllygyny artdyrmagyň hasabyna gazanyldy.

Şu günki dabara gatnaşanlar öz çykyşlarynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk önümçiliginiň çaltlandyrylan depgin bilen ösdürilmegine we tutuşlygyna türkmen obasynyň ösüşine aýratyn üns bermegi netijesinde, daýhanlaryň özlerini ýer eýeleri hökmünde duýýandyklaryny we olaryň zähmetine mynasyp baha berilýändigini bellediler. Daýhanlaryň tabşyyran pagtasy üçin hasaplaşyklar gijikdirilmän we dolulygyna geçirilýär. Olara ýerden, suwdan, tehnikadan, mineral dökünlerden, ösümlikleri goramagyň serişdelerinden peýdalanylýandygy üçin uly ýeňillikler berilýär.

Şeýlelikde, pagta öndüriji kärendeçileriň netijeli işlemegi üçin maddy we ruhy taýdan hakykatdan-da, höweslendiriji ýagdaýlar döredildi. Häzirki wagtda daýhanlara uly üns berlip, olara uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda oba hojalyk önümçiliginiň öňdebaryjylaryna uly hormat goýlup, olaryň gazanýan üstünlikleri barada döwürleýin metbugatda makalalar ýazylýar we teleýaýlymlarda gepleşikler görkezilýär. Asylly ýörelgä eýerilip, ýygym möwsüminde welaýatyň döredijilik işgärleri meýdanlarda oba zähmetkeşleriniň öňünde çykyş edýärler.

Şu dabaranyň barşynda welaýatda ýygym möwsüminde has tapawutlanan işgärlere aýratyn hormat goýlup, olara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Welaýatyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda milli Liderimizi öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek, oba senagat toplumynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermek we şeýlelikde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşmak üçin öz bilimlerini we tejribelerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.