Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary dowam edýär. Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen ak mermerli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki meýdançalarda dürli reňklerde öwüşgün saçýan çagalar şäherjigi, basketbol we woleýbol oýnamak üçin sport meýdançalary, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin üsti ýapyk meýdançalar gurlupdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerini pürli we ýaprakly agaçlardan, bezeg ösümliklerinden, dürli görnüşdäki güllerden emele gelen gök zolak bezeýär. Köçeleri yşyklandyrmak üçin bu ýerde oturdylan çyralar bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Ir säher bilen aýdym-saz ýaňlanýar. Bu ýere ýygnananlaryň ählisini—etrap we welaýat häkimlikleriniň wekillerini, hormatly ýaşululary, köp sanly ýaşaýjylary we täze öýleriň bagtyýar eýelerini baýramçylyk ruhy, bu çäräniň aýratyn dabarasy we möhümdigi jebisleşdirýär. On binadan ybarat bolan ýaşaýyş jaý toplumynda 300-den gowrak maşgala ýaşar.
Dabarany Ahal welaýatynyň, Ruhabat we Ak bugdaý etraplarynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary bezedi. Sazandalar, aýdymçylar we tansçylar joşgunly türkmen milli owazynyň astynda aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Jaýlaryň açylyş dabarasynyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzylygynyň 21 ýyllygynyň öňýanynda we mukaddes Gurban baýramynyň birinji gününe gabat gelendigi mynasybetli dabara gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi.
Ak mermerli ýaşaýyş jaýlary häzirki döwürde durmuş maksatly desgalara bildirilýän ülňülere doly laýyk gelmek bilen ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary ulanylyp bina edildi. Olardaky öýler ýokary hilli santehnika we aşhana abzallary, merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Ýaşaýjylaryň rahatlygy üçin jaýlaryň käbirleriniň birinji gatynda dürli harytlary satyn almak üçin dükanlar ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, ýaşaýyş jaý toplumynyň golaýynda ýakyn wagtda durmuş düzüminiň beýleki desgalary—Medeniýet öýi we çagalar bagy gurlar.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milletiň Liderine Garaşsyzlyk güni, şeýle hem mukaddes Gurban baýramy mynasybetli berk jan saglyk, bagt, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan beýik işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň “Ahalgurluşyk” 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň we “Myradym”, “Nedet”, “Polatgurluşyk” hususy kärhanalaryň işçilerine we hünärmenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.