Ï Paýtagtymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň täze merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň täze merkezi

view-icon 576
Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde dabaraly ýygnak boldy. Oňa hökümet agzalary, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we onuň düzümleýin edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň-Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we beýlekileriň şäher bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem hormatly ýaşulular, ak saçly eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine degişli bolan “Mekan” köşgüni Aşgabat şäheriniň häkimligine bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Şu günki ýygnakda çykyş edenler bu çözgüt paýtagtymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de ösdürmäge, durmuş ugurly şäher gulluklarynyň we özleriniň wezipesini Aşgabat şäheriniň çäklerinde amala aşyrýan raýat birleşikleriniň işini işjeňleşdirmäge hyzmat eder diýip bellediler.

Dabara gatnaşyjylar—resmi wekiller, jemgyýetçilik işjeňleri, Aşgabat şäheriniň ýaşululary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde eden ajaýyp sowgady üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şol syýasatyň esasyny bolsa adamlar hakyndaky alada düzýär.

Ýygnakda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, indi “Mekan” köşgi medeni-köpçülikleýin, aň-bilim işiniň merkezine, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga, ildeşlerimiziň watançylyk duýgularyny pugtalandyrmaga, olara mähriban paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşmaga ýardam etjek iri jemgyýetçilik-syýasy çäreleriniň geçiriljek ýerine öwrüler. Şäher we etrap häkimlikleriniň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerini taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan häkimligiň edaralarynyň iň gowy işgärlerini, şeýle hem paýtagtymyzyň jemagat hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerini—özüniň her günki tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň gözel görküne görk goşýan we abadanlaşdyryş işlerine işjeň gatnaşýan raýatlarymyzy sylaglamak dabarasy boldy. Şäher gulluklarynyň wekilleriniň 100-e golaýyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň hormat hatlary gowşuryldy. Şäher häkimligine milli Liderimiziň sowgady bolan “Lincoln Navigator” awtomobiliniň gowşurylyş dabarasy örän tolgundyryjy pursat boldy. Ajaýyp däbe görä, hormatly ýaşulular we ak saçly eneler täze awtomobile ak ýol arzuw etdiler.

Ýygnaga 900-e golaý adam gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylara “Mekan” köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi hödürlenildi. Serginiň ekspozisiýasyna Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznalarynyň gymmatlyklary, şeýle hem häzirki zaman ussalarynyň—türkmen halkynyň gadymy döredijilik däplerini aýawly saklaýjylaryň we dowam etdirijileriň amaly-haşam sungatynyň eserleri girdi.