Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda geçirilýän ýygnaklaryň we maslahatlaryň çäklerinde şu ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri we çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ählihalk ýygnagynyň barşynda milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşynda häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň gürrüňsiz derwaýysdygy barada aýtmak bilen, maslahatlara gatnaşyjylar wezipeleriň çalt we üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigi we tagallalaryň birleşdirilmelidigi barada aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň köpugurlydygyny bellemek bilen, ýygnaklara gatnaşyjylar milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen we ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady we durmuş ulgamyna degişli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.
Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakyn geljekde gysga möhletderde biziň ýurdumyzyň senagat taýdan ösen we ilatyň ýokary durmuş derejesi üpjün edilen ýurtlaryň hataryna çykarylmagy Türkmenistanyň stratgik wezipesi bolup durýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýylarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy” hut şu ugra gönükdirirlendir. Onuň çäklerinde ykdysadyýetimiziň döwlete degişli pudaklarynda we oňa dahylsyz kärhanalarda 200 milliard manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmek we önümçilik ähmiýetli hem-de üpjünçilik ulgamyna degişli desgalaryň 450-den gowragy gurmak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumy bilen bir hatarda himiýa senagaty, gurluşyk materialar önümçiligi, lukmançylyk we ýeňil senagat ýaly ulgamlarda iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Iri möçberli maýa goýumlar ulag we aragatnaşyk ulgamyny, oba hojalygyny, azyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýär. Tutuşlygyna alnanda, hereket edýän önümçilik, şeýle hem 200 töweregi kiçi, orta we iri kärhanalaryň gurulmagy we ulanmaga tabşyrylmagy on müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine, eksport edilýän harytlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, maldarçylygy senagat taýdan ösdürmek, ekerançylyk meýdanlaryna suwaryşyň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suwarymly ýerleriň dkieldilmegi boýunça taslamalary taýýarlamak ýaly çäreler maýa goýum maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary hasaplanylýar. Şeýle hem suw howdanlaryny giňeltmek, Garagum derýasynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak ileri dowam etdiriler.
“Gazagystan-Türkmenistan-Eýran”, “Gazojak-Şasenem-Daşoguz” we “Atamyrat-Ymamnazar” transmilli we içerki demir ýollaryň taslamalarynyň ýerine ýetirilmegi “Türkmenbaşy-Bekdaş-Gazagystanyň serhedi”, “Türkmenabat-Gazojak-Daşoguz”, şeýle hem “Mary-Serhetabat” ulag ýollaryynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini we ýurduň dünýä ykdysadyýetine hemmetaraplaýyn goşulmagyny şertlendirer.
Ýurdumyzyň suw, howa, awtomobil we demir ýol ulaglary kärhanalaryny, şol sanda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menzilini tehniki taýdan üpjün etmek we döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň raýat uçar ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde Aşgabatda, Türkmenabatda, Daşoguzda we Atamyratda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze howa menzilleri gurlar. Mundan başga-da, ýurdumyzda bar bolan ähli howa menzillerini düýpli döwrebaplaşdyrmak bellenildi.
Ýeriň emeli hemrasynyň milli ulgamyny döretmegiň, ony gurmagyň we älem giňişligine çykarmagyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurduň özüniň emeli hemrasynyň bolmagy aragatnaşyk we Internet ulgamynyň, telewideniýäniň çalt depginlerde ösmegine mümkinçilik berer, şeýle hem beýleki köp sanly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin oňaýly şertleri üpjün eder.
Milli ykdysadyýetimiziň innowasion taýdan ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreler bellenildi we ol bazar gatnaşyklaryny, öňdebaryjy dünýä tejribelerini işjeň ornaşdyrmaga, çeýe maliýe-salgyt we gumruk syýasatynyň ulanylmagyna mümkinçilik berer. Biziň ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga, akademiki we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy esaslarynyň ösdürilmegine, öňdebaryjy ylmy-barlag we tejribe-synag işleriniň maliýeleşdirilmegine, ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda geçirilen ýygnaklarda, maslahatlarda bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň bilim, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, derman senagatyny, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirýän syýasaty ýurduň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerinde we obalarynda, şeýle hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iri möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň çar künjekginde geçirilen ýygnaklara we maslahatlara gatnaşyşyjlar diňe bir ýurduň ösen ykdysady mümkinçilikleri däl, eýsem öňi bilen halkyň şuňa bolan oňyn meýilleri berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly sazlaşykly ösüşlerini şertlendirdi. Munuň özi täze ösüşler, döredijilik we Türkmenistanyň taryhynda täze tapgyryň başlanmagy üçin zerur şertleri we mümkinçilikleri döretdi.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öňde goýlan maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar hem-de şu wezipeleriň oňyn çözgüdi türkmen halkynyň sazlaşykly ösüşini berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň rowaçlygyny şertlendirer diýip bellediler.
Şunuň ýaly ýygnaklar we maslahatlar ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hem-de welaýatlaryň düzümleýin böleklerinde dowam edýär.