„Daýhanbank“ Döwlet täjirçilik bankynyň maglumatlary boýunça häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň alty müňi töweregi öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny edinmek üçin ýeňilleşdirilen karz puluny aldylar.
Ýaşlar üçin bu karz pulynyň resminamalaryny taýýarlamak we ony bermek eýýäm bir ýyl bäri paýtagtda ýerleşýän bankda we onuň welaýat we etrap bölümlerinde amala aşyrylýar. Ýaşlar üçin ýeňilleşdirilen karz puly Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda kabul eden „Türkmenistanda ýaş maşgalalylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk hem gowlandyrmak hakynda“ Kararyna laýyklykda berilýär.
Karz pul bermegiň bu görnüşi 30 ýaşyna ýetmedik resmi taýdan resmileşdirilen är-aýala niýetlenendir. Berilýän karz puluň ýokary möçberi alty müň manatdyr. Müşderiniň islegine görä, hasaplaşyk nagt we nagt däl görnüşinde, girew goýmasyzdan, diňe üçünji adamyň güwä geçmegimde – zamunçy bolmagy esasynda geçirilýär. Karz puluny alyjylaryň berilen karz puluny üç ýylyň dowamynda ýyllyk 1 göterim bilen banka tölemäge hukuklydyr.
Öý goşlaryny edinmek üçin ýeňilleşdirilen karz puluny alan är-aýallaryň sany birnäçe müňe ýetdi, ony sany barha köpekýär.Ýaş maşgala bolup, bu amatly we elýeterli bolan karz puluny almak barada bank hyzmatlaryndan peýdalanamga berilýän arzalaryň sany barha artýar.
Şeýle hem ýaş maşgalalara ýeňillikli berilýän karz pullary bermegiň düzgüni raýatlara ýaşaýyş jaýyny edinmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda „Türkmenistanyň raýatlaryna ipoteka karz pullaryny bermegi ösdürmegiň usullary barada“ kabul eden Kararyna laýyklykda gurulan ýaşaýyş jaýyny almak boýunça ipoteka karz puluny bermegiň çäklerinde resmileşdirmek görnüşi hem göz öňünde tutulandyr.
Alyjy üçin karz bermegiň bu usulyny resmileşdirmek diňe ýaşaýyş jaýynyň (öýüň) gurluşygy tamamlanandan soň amala aşyrylýar. Ipoteka karz puluny bermegiň iň uzak möhleti ýylda 1 göterim tölemek bilen 30 ýyldyr. Ony resmileşdirmekde möhüm böleginiň biri hem karz pul şertnamasyny baglaşylan wagtyndan başlap, esay bergini üzmek boýunça 5 ýyllyk ýeňillikli döwriň berilmegidir. Mundan hem başga, täze ýaşaýyş jaýyny ýa-da öýi almak üçin ipoteka karz puly ýaşaýyş jaýynyň doly bahasy möçberinde berilýär.
Türkmenistanyň „Daýhanbank“ DTB tarapyndan ýeňillikli karz pul bermegiň çäklerinde öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny edinmek üçin berilýän karz pul bu günki gün ýaş maşgalalaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Şeýle hem sany barha artýan ipoteka karz puly ýaş çatynjalaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.