Ï Altyn sähra etrabyndaky täze oba
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Altyn sähra etrabyndaky täze oba

view-icon 1048
Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde täze ilatly nokadyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Şu günler umumy meýdany 135 gektar bolan obanyň durmuş ähmiýetli desgalarynyň, ulag we kommunikasion gurluşynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýlelikde, geňeşligiň, Saglyk öýüniň we Medeniýet öýüniň (200 orunlyk) gurluşygyna başlandy. Golaý wagtda 500 orunlyk umumy bilim berýän mekdebiň we 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna başlanar. Obanyň jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygy ýurduň gurluşykçylaryna – hususy b]legiň wekillerine ynanyldy.

„Türkmendöwlettaslama“ Döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi we onuň „Marytaslama“ welaýat bölümi tarapyndan işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, täze obanyň çäklerinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 19-ny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem olaryň hatarynda: metjidiň, 500 müşderä niýetlenen aragatnaşyk stansiýasynyň, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän merkeziniň, söwda merkeziniň, Hyzmat öýüniň, senagat we azyk harytlarynyň dükanlarynyň binalary gurular.

Obanyň çäklerinde guruljak ýaşaýyş jaýlary barada aýdylanda bolsa, bu ýerde häzirki zaman ähenidäki 456 sany bir gatly kottejler gurmak göz öňünde tutulýar. Her bir ýaşaýyş jaýynyň çäklerinde 0,16 gektar bolan mellek ýeri bolar. Taslama meýilnamsyna laýyklykda ilatly nokatlaryň desgalary gök zolaga büreler.

Ýakyn günlerde başlanyljak ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny „Marygurluşyk“ Önümçilik birleşiginiň hünärmenleri amala aşyrar.

Milli maksatmada ýaýbaňlandyrylan oba ýerleriniň täze görnüşdäki iri göwrümli gurluşygy bu günki gün ýurduň ähli welaýatlarynda alnyp barylýar we ol 2016-njy ýyla tamamlanar.