Ï Türkmenistan-ÝHHG: habar beriş serişdeler ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ÝHHG: habar beriş serişdeler ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 522
Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri häzirki zaman maglumat giňişliginde” we “Žurnalistikany okatmagyň häzirki zaman usullary” atly okuw maslahatlary geçirilýär. Ony ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilelikde gurady.

Žurnalistler üçin guralan ýörite sapaklary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň halkara tejribesiniň işi barada Moskwanyň Halkara gatnaşyklar döwlet institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, institutyň jemgyýet bilen gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Ý.Zaburdaýewa gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, milli habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek, ony häzirki döwrüň talabyna laýyk derejä ýetirmek, maglumat ulgamyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň jähedinde has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.



Duşuşykda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, Türkmenistanda maglumat giňişligini ösdürmek, habar beriş serişdeleriniň erkin düzümlerini döretmek, bu ugurda multimediýa tehnologiýalaryny peýdalanmak, Internet ulgamyna bolan ugurlary giňeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunlukda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklara we maglumat ulgamynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly žurnalistleriň, köpçülikleýin mediýa ulgamynyň hünärmenleriniň.halkara hyzmatdaşlaryň tejribeleriniň peýdaly boljakdygy bellenildi.

Dört mowzuklaýyn ugur boýunça pikir alyşmalaryň barşynda häzirki zaman habar beriş serişdeleriniň möhüm meseleleri we onuň ösüşiniň aýratynlyklary, şol sanda žurnalistiň işinde Internet ulgamynyň iň täze tehnologik mümkinçiliklerini ulanmak hakyndaky çykyşlar diňlenildi.

Okuw maslahatlarynyň, şol sanda tejribe sapaklarynyň örän netijeli bolandygyny, şeýle hem milli habar serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen ýola goýulýan köpýyllyk özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini bellemek bilen. ýöriteleşdirilen sapaga gatnaşyjylar bu ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň we gyzyklanma bildirilýän tejribe alyşmagyň dowam etdirilmegi barada aýtdylar.

Ertir okuw maslahatlary öz işini tamamlaýar. Onuň jemleri boýunça okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýörite sertifikatlar berler.