Şu gün Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasynda durmuş maksatly nobatdaky bina – dermanhanaly oba saglyk merkeziniň döwrebap iki gatly jaýy ulanmaga berildi.
Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça “Esbap” atly hususy kärhananyň ýerli gurluşykçylary tarapyndan gurlan täze saglyk merkezinde ýüz tutup gelenlere köp sanly ugurlar boýunça hünärmenler tarapyndan zerur lukmançylyk kömegi, şol sanda maslahat bermek arkaly hyzmatlar berjaý ediler. Ýüz tutup gelen adamlara rentgen, hirurgiýa, terapiýa, fizioterapiýa, ginekologiýa, proseduralary geçirýän otaglarda, ultra sesli barlag we EKG otaglarynda hyzmat ediler. Ýurdumyzda gurulýan ähli bejeriş edaralary ýaly, bu täze merkez hem Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň --önüm öndürijileriniň döwrebap medisina enjamlary bilen üpjün edildi.
Täze binanyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyz, hususan-da, oba ýerlerinde ýaşaýanlar üçin amatly ýaşaýyş şertleri döretmek barada ýadawsyz alada edýändigi hem-de tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar baglyryny, sport toplumlaryny we saglygy goraýşa degişli binalary gurmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra bu ýerde konsert boldy, şonda döredijilik toparlary täsirli çykyş etdiler.
Dabara welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, ýaşlar, obanyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Täze binanyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabarada işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.