Ï Türk halkynyň beýik ogluny hatyralap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türk halkynyň beýik ogluny hatyralap

view-icon 505
Şu gün paýtagtymyzdaky Atatürk adyndaky seýilgähde Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we onuň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Türk halkynyň serdar oglunyň aradan çykan gününde her ýylda bu ýere gelip, ýadygärlige gül goýmak indi asylly däbe öwrüldi. Oňa Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkiýäniň türkmen bazarynda işleýän birnäçe kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem paýtagtymyzdaky türkmen-türk okuw mekdepleriniň köp sanly mugallymlary we okuwçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu ýere ýygnananlar görnükli syýasy işgär Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligini bir minutlap dymmak bilen hatyraladylar we onuň ýadygärligine ajaýyp güýz güllerinden bogulan çemenleri goýdular.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu çärede çykyş edip, oňa gatnaşýanlaryň hemmesine sag bolsun aýtdy we türkmen halkyna türk halkynyň gadymy däplerine bolan doganlyk gatnaşyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.