Mary welaýatynyň Baýramalay etrabynda keşbi täzelenen Bagtyýarlyk şäherçesiniň durmuş we önümçilik ähmiýetli desgalar toplumynyň ulanylmaga bermek dabarasy boldy.
Indi oňa golaýlaşanyňda gum alaňlarynyň üstünden ajaýyp görnüş ýaýylyp ýatyr: tertipli ekilen gök baglara bürenen häzirki zaman arhitektura görnüşli täze gurluşyklar ýerleşýär.
Ýaňy-ýakyna çenli Üçajy diýlip atlandyyrlan bu şäherçede adamlar asyrlar boýy ýaşapdyrlar. Ol Garagumda özboluşly ýer bolupdyr. Ol häzir hem özboluşly ýer bolup, diňe täzeçe keşbe eýe bolan, düýbünden täzeçe gurulan şäherçä öwrüldi.
Türkmenistanyň Präzidenti Mary welaýatynda iş sapary bilen bolan döwründe Üçaja hem baryp gördi. Şonda döwlet baştutany bu ýerde ýaşaýanlar bilen duşuşyp, olaryň durmuşy, zähmeti, ýaş nesli terbiýelemekde layp barýan işleri bilen gyzyklandy, şähärçäniň desgalary bilen ýakyndan tanyş boldy. Şonda döwlet baştutany tarapyndan şäherçäniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek barada karar kabul edildi. Soňra baş meýilnama işlenilip taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda ýerli ýaşaýjylaryň – maldarlaryň, azyk we halkyň sarp edýän harytlaryny öndürijileriň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň, dürmuş hyzmaty ulgamynda işleýänleriň ýaşaýşyny düýpgöter özgerden ilkinji nobatdaky desgalaryň giň göwrümli gurluşygy ýaýbaňlandyryldy.
Takmynan iki aý soňra kabul edilen „Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş meýilnamasynyň“ çäklerinde şäherçä arassa agyz suwy berildi. Şol mahala çenli bu ýere suw mundan onlarça ýyl ozal çekilen suw geçirijiler arkaly az mukdarda gelýärdi. Indi bolsa bu ýerde „Zähmet“ arassa agyz suwly ýatagynda barlanylan we burawlanan ýerinden täze turba geçiriji guruldy, kyrk kilometrlik suw geçirijisi çekildi we şäherçäniň içinde paýlaýjy desga guruldy.
Şäher äheňinde meýilleşdirilen şäherçäniň görnüşi, abadanlaşdyrylan köçeler täze şäherçäniň esasy keşbini – hazirki zaman, öňaýly we amatly keşbini kesgitledi. Şäherçä gireniňden eýýäm zähmet gaýnap joşýan ýerli öz-özüňi doladyryşyň binasyny, Medeniýet köşgüni, oba argatnaşyk uzelini, elde dokalýan haly bölümini görýärsiň. Okatmagyň multimediýa serişdeleri bilen üpjün edilen 400 orunlyk mekdepde çagalar üçin ähli şertler döredilendir.Bir köçe aňyrda bolsa – şäherçe Saglyk merkezi ýerleşýär. Obanyň gündogar böleginde çagalar bagynyň ajaýyp binasy ýerleşýär.
Bir ýarym müňden gowrak ilaty bolan Bagtyýarlyk şäherçesi o diýen beýle uly bolmasa-da, etrabyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Bu ýerde iri maldarçylyk hojalyklarynyň biri bolan „Üçajy“ daýhan birleşigi ýerleşýär. Ýöriteleşdirilen hojalykdygyny nazara almak bilen, ynsan bedenine şypaly bolan düýe çalyny öndürýän kärhana guruldy, şeýle hem derini taýýarlaýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklar ulanylmaga berildi.
Köküni gadymýetden alyp gaýdýan, häzirki wagtda täze keşbe eýe bolan şäherçe gadymy Ýüpek ýolunyň bir şahasynyň ugrunda ýerleşmek bilen, häzirki wagtda syýahatçylyk ulgamynda uly ähmiýete eýedir. Şäherçäniň ajaýyp ýerleriniň biri hem syýahatçylar we myhmanlar üçin niýetlenilip şäherçäniň günbatar tarapynda gurulan üç gatly myhmanhanadyr.
Geň galdyryjy özgertmelerden soňra, binagärlik keşbinde, durmuş ähmiýetli gurluşynda hem öňki adyna düýbünden gabat gelmeýän bu şäherçä bu ýeriniň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça Bagtyýarlyk diýlip täze at goýuldy.
... Şäherçäniň häzirki we mundan beýläk hem abadanlaşdyrylmagy Mary welaýatynyň gelejegi uly bolan bu sebitiniň ykdysady we medeni durmuşyny täze derejede gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, ýerli mümkinçilikleri hakyky eýeçilik gözi bilen ulanmaga giň mümkinçilikleri açýar.