Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary hanym Linn Treýsiniň ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy --2012” atly halkara sergisine we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky oňyn döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda däbe öwrülen dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklary iki ýurduň hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan erk-islegleri netijesinde häzir täze mazmuna eýe bolýar diýlip bellenildi. Özara gatnaşyklarda toplanan baý tejribe deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik esasda guralýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.
Bitaraplyk derejesi Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň oňyn şerti bolup durýan Türkmenistanyň ornunyň artýandygyny bellemek bilen, myhmanlar Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ylalaşdyryjylyk syýasatyna hem-de BMG-niň Baş Asambleýasynyň belent münberinden beýan eden möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we giňden goldaýarlar diýip nygtadylar. Amerikaly myhmanlaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň /EKOSOS/ agzalygyna saýlanmagy baradaky täzelik ABŞ-da uly kanagatlanma duýgusy bilen kabul edildi. Wekiliýetiň agzalary bu waka ýokary baha bermek bilen, bu üstünlik türkmen Lideriniň türkmen halkynyň abadan we bagtly geljegi barada edýän ägirt uly tagallalary netijesinde mümkin boldy diýip bellediler.
Netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda pudagara gatnaşyklarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürmek barada öz pikirlerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda işewür gatnaşyklaryny, maslahatlary we sergileri netijeli geçirmäge ýardam etmekde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň işine aýratyn orun berildi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary hanym Linn Treýsiniň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda duşuşyklar Türkmenistanyň Hökümetinde hem meýilleşdirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Finlýandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýurel Tuulanyň ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy --2012” atly halkara sergisine we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen bu ýurduň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-fin hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda myhman biziň ýurdumyzda bolup geçýän we Türkmenistanyň halkynyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň okgunly depginine tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň ylalaşdyryjylyk syýasaty, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary Ýewropanyň syýasy toparlarynda, şol sanda Finlýandiýada giňden ykrar edilip, uly goldawa eýe boldy. Biziň ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň /EKOSOS/ agzalygyna saýlanmagy bilen gutlap, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary türkmen döwleti Ýewropa bileleşigi üçin jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar diýip aýratyn bellediler.
Giň gerimli we özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň halklaryny parahatçylyga, dostluga we netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan hoşniýetli erk-islege ymtylmak duýgusy birleşdirýär diýip nygtadylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly geljeginiň bardygyny aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-fin söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmek üçin bar bolan tejribäni we köpugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen birnäçe esasy ugurlar boýunça oňyn gatnaşyklary giňeltmäge bolan islegiň uludygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, fin işewür toparlarynyň nebitgaz we beýleki ulgamlarda hem hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

* * *