Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda ilat ýazuwy geçiriler. Ýazuw geçirmäge gatnaşýan işgärleri saýlap almak we okatmak bu möhüm çäräni geçirmäge görülýän taýýarlygyň derwayýs we jemleýji tapgyrydyr. Bu çärä gatnaşýanlaryň ýazuw resminamalaryny doldurmak boýunça geçilýän okuwa hem-de ele alan bilimlerini göwnejaý özleşdirmäge bolan jogapkärçilikli çemeleşmeleri çäräniň üstünlikli geçirilmegini üpjün eder.
Ilat ýazuwyny geçirmek işine ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary, lukmanlar, jemagat gullugynyň işgärleri, geňeşlikleriň we etrap häkimlikleriniň wekilleri çekilýär.
Olaryň hemmesi, statistika edaralarynyň ähli derejeleriniň işgärleri ilat ýazuwyny geçirmegiň we ýazuw resminamalaryny doldyrmagyň tertibi boýunça ýörite okuwlary geçýärler.
Ilat baradaky maglumatlary ýygnamak bilen meşgullanýanlaryň hemmesiniň bir bitewi gollanma bilen üpjün edilmegi üçin okuwlar öwrediji ähmiýeti bolan wideoşekilli görnüşleri ulanmak arkaly geçilýär.
Çärä gatnaşyjylaryň köpçülikleýin okuwa başlanmagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinň merkezi edarasyyň hünärmenleriniň we sebitleýin bölümleriniň işgärleriniň degişli taýýarlygy geçildi.
Şu ýylyň 30-njy noýabrynda tamamlanjak okatmagyň bu tapgyrynda statistika edaralarynyň hünärmenleri we ilat ýazuwy bölümleriniň müdirleri tarapyndan gözegçi-barlagçylary we hasapçylary okatmak işlerini geçiriler.
Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyz boýunça taýýarlyk çärelerini 24 müň golaý adam geçer. Olar Türkmenistanyň uçdantutma ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň geçirilmegine gatnaşarlar. Türkmenistanyň ähli ilatynyň bu çäräniň möhümdigine giňden düşünmegi we işjeň gatnaşmagy onuň üstünikli geçirilmegini üpjün eder.
Hut şonuň üçin hem ilatyň arasynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň uçdantutma ýazuwy boýunça köpçülikleýin düşündiriş işlerini geçirmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda, kärhanalarda we guramalarda “Ilat ýazuw hakynda nämeleri bilmeli” ady bilen çykyşlary guraýarlar. Öýjükli aragatnaşygyň müşderilerine 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda geçiriljek ilat ýazuwyna işjeň gatnaşmaga çagyrýan SMS habarnamalary ugradyldy. Mundan başga-da, 1-30-njy dekabr aralygynda Aşgabatda we ähli welaýat hem-de etrap merkezlerinde we şäherlerde zerur aragatnaşyk ýola goýlar. Raýatlar onuň kömegi arkaly statistika guramalarynyň jogapkär işgärlerinden özüni gyzyklandyrýan sowallaryna jogaplaryny alyp bilerler.