Ï Türkmenistan- UNISEF: saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan- UNISEF: saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 499
Şu gün türkmen paýtagtynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine degişli meselelere bagyşlanan bäş günlük okuw maslahaty öz işini tamamlady. UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işgärleri, saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça milli hünärmenler, şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara bilermenler hökmünde maslahata UNISEF-iň habarlar – bilim maksatnamalary boýunça Sebitleýin hünärmeni jenap Şarad Agarwal, UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Alýona Sýalçonak, şeýle hem UNISEF-iň halkara bilermenleri Bertino Somaýni we Sergeý Sargsýan çagyryldy.

Okuw maslahatynyň barşynda saglygy goraýşyň milli ulgamyny netijeli döwrebaplaşdyrmak we özgertmek işi boýunça ýurdumyzyň barha artýan mümkinçiligini göz öňünde tutmak arkaly, Türkmenistanyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy meseleleri barada gyzykly pikir alşyldy.

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar we wajyp ähmiýetli wezipeler bolup durýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde saglygy goraýyş boýunça milli ulgamyň özgerdilmegi, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýokary derejä ýetildi hem-de munuň özi tutuş ýurdumyz boýunça gurlan we gurulýan döwrebap klinikalarda, bejeriş-anyklaýyş merkezlerinde türkmenistanlylara lukmançylyk boýunça hödürlenýän döwrebap hyzmatlaryň uly toplumyndan peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Maslahatda häzirki wagtda Türkmenistan saglygy goraýyş edaralaryny, ýokary we orta lukmançylyk okuw mekdeplerini gurmak boýunça dünýäniň birgiden ýurtlaryndan has-da öňde barýandygy bellenildi. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna örän köp möçberdäki serişdeler gönükdirilýär.

Şu ugra degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny üstünlikli özgertmekde wajyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýar. Soňky döwürde ýurdumyzda täze kanunlaryň birnäçesi, hususan-da, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky”, “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakyndaky”, “Çaganyň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini goramak we wagyz wagyz etmek hem-de çaga iýmitleri boýunça talaplar hakyndaky” kanunlar kabul edildi.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmagyň esasy meseleleri boýunça gyzykly pikir alyşmagyň barşynda BMG-niň bu abraýly düzüminiň wekilleri soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň şu wajyp ähmiýetli ugrunda uly ösüş gazanandygyny bellediler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, kesellere garşy göreşmek, zenanlaryň we çagalaryň saglygy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmek ugrundaky uly möçberli çäreler iri halkara guramalarynyň we düzümleriň arasynda giňden ykrar edildi. Türkmen döwleti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wajyp ähmiýetli halkara güwänamalarynyň birnäçesine eýe bolup, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär hem-de saglygy goraýyş boýunça tanymal bilermenleriň we hünärmenleriň tejribesini öwrenýär. Şu ugurda UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy türkmen lukmanlarynyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar pikir alyşmagyň barşynda lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, saglygy goraýyş ulagmyny kämilleşdirmekde giňden tejribe alşylmagyna ýardam berýän netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmelidigini biragyzdan bellediler.