Şu gün Garaşsyzlyk etrabynyň Odeý geňeşliginde 160 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Däp bolşy ýaly, ulanmaga berilýän çagalar bagynyň iki gatly uly binasy dürli reňkli toý baglary, şarlar bilen bezeldi. Bu ýerde aýdym-sazlaryň owazlary, çagalaryň şadyýan gülküleri ýaňlanýar. Tans toparlary hem özleriniň ussatlyklaryny görkezýärler. Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular obanyň durmuş düzüminiň möhüm desgasynyň açylmagy mynasybetli körpeleri we olaryň ene-atalaryny gutlamaga geldiler.
Geçen ýyllar ýaly, şu ýyl hem ýurdumyzyň taryhyna uly üstünlikleriň hem-de köp sanly täze desgalaryň ulanylmaga berlen ýyly, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çalt depginler bilen durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girer diýip, dabara gatnaşyjylar bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Şol desgalaryň aglabasy durmuş maksatly binalardyr. Diňe şu ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman desgalarynyň 30-a golaý dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şu gün bolsa olaryň üsti Odeý obasyndaky täze çagalar bagy bilen ýetirildi.
Oba çagalar şäherjiginde körpeleriň sazlaşykly ösmegi üçin oňaýly şertler döredildi. Owadan we amatly mebel bilen üpjün edilen ajaýyp ýatakhanalar, oýun otaglary, gimnastika we aýdym-saz zallary, suwda ýüzülýän howuz, naharhana, lukmançylyk otagy çagalaryň ygtyýaryndadyr. Körpeleriň başlangyç bilimi almaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy, kompýuter we lingafon otaglary häzirki zaman okuw tehnikasy bilen enjamlaşdyryldy.
Täze desga özbaşdak inženerçilik-tehniki kommunikasiýalary öz içine alýar. Çagalar bagyna ýanaşyk ýerler talabalaýyk abadanlaşdyryldy, bagy-bossanlyga öwrüldi we döwrebap yşyklandyryldy. Gurlan we owadan bezelen tomusky eýwanlar, hiňňillikler, pawilonlar, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasynda terbiýelenjek körpelerde uly gyzyklanma döreder.
Täze desga etrabyň ýerli gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi. Açylyş dabarasynda çagalar bagynyň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.