Mukaddes Gurban baýramy bellenilýän günlerde Mekgä we Medinä haj parzyny berjaý etmäge giden türkmen zyýaratçylarynyň topary şu gün ata Watanymyza sag-aman gaýdyp geldiler.
Mälim bolşy ýaly, ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan baýramçylygyň öňüsyrasynda watandaşlarymyzyň 188-si – ýurdumyzyň bäş welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň wekilleri Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar, şol ýerde mukaddes Käbä zyýarat etmek üçin dünýäniň ähli künjeklerinden gelen millionlarça zyýaratçylara goşuldylar. Milli Liderimiziň görkezmesi boýunça “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy Türkmenistanyň wekilleri üçin ýörite gatnawy gurady.
Yslam üçin beýik mukaddeslik bolan Mekgede biziň watandaşlarymyz Muhammet Pygamberiň we onuň egindeşleriniň aram tapan ýerine baryp gördüler, “Baky jennet” gonamçylygynda mukaddes mazarlara tagzym etdiler. Yslamyň taryhynda ilkinji bolan metjitde okalan namaza gatnaşdylar. Bellenen kadalara eýerip, zyýaratçylar däp bolan ak lybasy geýip, Mina jülgesinde boldular, şol ýerde Arafat dagyna çykdylar.
Türkmen zyýaratçylary töwereginde Mekge şäheri gurlan mukaddes Zem-zem çeşmesinde hem boldular, Al-Haram metjidine baryp gördüler, şol ýerde togap däbine eýerip, mukaddes Käbedäki Gara daşyň daşyna ýedi gezek aýlanyp geçmek zerurdyr.
Şeýle hem bütin dünýäniň musulmanlarynyň ruhy paýtagtynda bolan mahallary türkmen zyýaratçylary şäheriň meşhur metjitlerinde aýat-töwir okadylar, Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başynyň dik bolmagyny dileg etdiler.
Biziň watandaşlarymyz uçardan düşüp, ene topragymyza aýak basan mahallary özleriniň tüýs ýürekden şatlygyny hem-de tolgunmasyny beýan etdiler. Zyýaratçylar hemaýat-goldaw berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar. Onda, hususan-da, “Haj döwründe iki mukaddeslige baryp, haj parzymyzy ýerine ýetirip ýören wagtymyz mähriban Howandarymyzyň adyna uly alkyşlar aýdyp, gudraty güýçli Beýik Allatagaladan janyňyzyň sag, başyňyzyň dik, mertebäňiziň belent, il-ýurt bähbitli işleriňizde elmydama rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny, asuda asmanyň astynda bir Alla, bir Watana, bir Prezidente uýup, agzybirlikde, jebislikde, röwşen geljekde ýaşamagy arzuwlap, ýagşy doga-dilegler etdik” diýilýär.
Mukaddes Käbä eden zyýaratyňyz, haj parzyňyz Beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun!