Şu gün türkmen paýtagtyndaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň II Halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Ony “Türkmenpagta” döwlet konserni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
Sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümetniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde guralan halkara maslahaty halkara jemgyetçiligini Türkmenistanyň oba hojalygynda, şol sanda pagtany gaýtadan işleýän senagatda gazanýan üstünlikleri we ýeten derejeleri bilen giňden tanyşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu forum öňdebaryjy haryt öndürijiler bilen tejribe alyşmak, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we kärhanalar bilen bilelikdäki işiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli çäre bolup hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Foruma dünýäniň Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Hytaý, Germaniýa, ABŞ, Britan Wirgin adalary ýaly 30-a golaý ýurdunyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň barha artýan kuwwaty, oňaýly maýa goýum ýaglaýy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä bazarlaryna okgunly goşulyşmagy we onuň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagy foruma bolan ýokary gyzyklanmalary şertlendirdi. Sergi-ýarmarkasynda pagtany gaýtadan işleýän, dokma, azyk senagatynyň we söwda ulgamynyň wekilleri taýýar önümleriň iň täze görnüşleri, önümçiligiň oňyn usullary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Forumyň ýurdumyz türkmen babadaýhanlarynyň, şol sanda 1 million 200 müň tonna golaý pagta taýýarlan hasyl ussatlarynyň gazanan üstünliklerini belleýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda açylmagy ýakymlydyr.
Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan bölümlerde ýurdumyzyň pagtaçylyk pudagynyň we tutuşlygyna obasenagat toplumynyň pudaklarynyň we kärhanalarynyň önümleri görkezilýär. Onda ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, hojalyk jemgyýetleriň we telekeçileriň 30-a golaýynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar öz önümlerini görkezdiler. “Türkmenpagta” döwlet konserniniň “Ak altyn” söwda kärhanasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, şeýle hem öňdebaryjy önüm öndürijileriň we pagtany gaýtadan işleýjileriň önümleri köp sanly myhmanlarda we foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetimiziň eksporty ugur edinýän pudaklarynyň arsaynda möhüm orny eýeleýän dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümlerine hem ýörite bölümler bagyşlanypdyr. Ýurdumyzyň welaýatlary obasenagat pudagynda ýeten derejelerini, toplumyň önümleriniň giň görnüşlerini, pagta we ondan gaýtadan işlenip alynýan önümleri, türkmen topragynyň ir-iýmişlerini, azyk harytlaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň telekeçileriniň we oba hojalyk tehnikalaryny, ýörite enjamlary öndürýän hem-de olary getirýän, hyzmat ulgamyny alyp barýan kompaniýalarynyň bölümleri sergide görnükli orun eýeleýär.
Sergi köşgünde guralan halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty guraldy. Oňa oba hojalyk pudagy üçin önüm öndüriji ugurdaş kärhanalaryň we kompaniýalaryň hünärmenleri, wekilleri, pagta önümlerini sarp edijiler, biziň ýurdumyzyň öňden gelýän we geljegi uly hyzmatdaşlary, oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän kärhanalaryň hünärmenleri, alym-agronomlar we bilermenler gatnaşdylar.
Onda pagtaçylygy we pagtany gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň geljegine, dünýä ýüzünde uly islegden peýdalanýan türkmen pagta önümlerini daşarky bazara ugratmagy artdyrmayň meselelerine bagyşlanan çykyşlar boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, pudagyň geljegi, obany durmuş we ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ugurlar hakyndaky maglumatlar foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Oba hojalyk önümçiliginde täze ykdysady usullar netijeli işleýär, oba hojalygy üçin iň häzirki zaman tehnologiýalar we tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny täze netijeli derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.
Dünýäniň we sebitiň pagta hem-de dokma senagatyny ösdürmek, halkara hil ülňüleri we nyrhlary kemala getirmek maslahatyň möhüm mowzuklarynyň hatarynda boldy. Maslahatda türkmen pagtasyndan öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna ugratmagyň meselelerine, Türkmenistanda pagtany ösdürip ýetişdirmegiň we pagtany gaýtadan işleýän senagatyň häzirki wezipelerine seredildi. Şunlukda, önümçilige we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ulgamyna innowasiýalaryň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalyk tehnikasy we enjamlary bilen üpjün etmek boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösüşine aýratyn üns berildi.
Forumda edilen çykyşlaryň her birinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy, Türkmenistanyň dünýäniň ösen obasenagaty bolan ýurtlaryň birine öwrülmegi, dünýä bazarynda möhüm orny eýeleýän pagtanyň we pagta önümleriniň ösdürilmegi ugrunda tagalla edilmelidigi barada bellenildi. Türkmen paýtagtynda geçirilen maslahatda azyk önümçiliginiň ählumumy bazarynyň ösdürilmeginiň, obasenagat toplumynyň önümçiliginiň artmagynyň möhüm meselelerine garaldy. Şeýle hem türkmen pagtasyny eksport edýänler bilen ony sarp edijileriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Şu gün däp boýunça her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzdaky atçylyk spor toplumy baýramçylyk çäreleriniň merkezine öwrüldi. Ýokary derejede bezelen meýdançada säher bilen baýramçylyk çärelerine badalga berildi. Bu ýerde öňdebaryjy kärendeçiler, mehanizatorlar, alym-agronomlar, seçgiçiler we ýurdumyzda pagtaçylyk pudagynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşan obasenagat toplumynyň beýleki hünärmenleri ýygnandylar.
Şeýle hem ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň wekilleri, talyp ýaşlar şu günki dabara gatnaşdylar. Bu ýere köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary geldiler. Olar ýurdumyzyň hasyl ussatlarynyň, öňdebaryjy ekerançylaryň we Watan harmanyna “ak altyn” bol hasylyny tabşyran daýhanlaryň şanyna guralan baýramçylyga şärik boldular.
Dabara gatnaşyjylar bu ýerde açyk asmanyň astynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk pudagynda we gaýtadan işleýän senagatda ýetilen sepgitleri alamatlandyrýan sergilere baryp gördüler. Bu ýerde türkmen topragynyň baý we datly önümleri, pagtaçylyk hem-de gallaçylyk pudaklarynyň, maldarçylygyň, azyk senagatynyň, dokma pudagynyň önümleriniň görnüşleri, ýokary hilli tohumlar, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi.
Şeýle hem sergide çeperçilik we heýkeltaraşlyk eserleri bar. Olar daýhan zähmetine bagyşlanan çeper döredijilikdir. Hut şu ýerde döredijilik äleminde ilkinji ädim ädýän ýaşajyk suratkeşler öz eserlerinde mähriban ülkämiziň berekedini aýdyň görkezmäge çalşyp, surat eserlerini döretdiler.
Ýörite gurnalan sahnada welaýatlaryň we paýtagtymyzyň aýdym-saz toparlary, estrada ýerine ýetirijileri çykyş etdiler. Olar özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazlary bilen mähriban topragymyzyň sahylygyny, häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri wasp etdiler. Bularyň hemmesi baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýyp, umumymilli toýuň dabarasyny belende göterdi.
Asylly däbe görä, Hasyl toýy oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň çeken zähmetleriniň jemini jemläp, türkmen topragynyň sahylygyny, toý saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýar. Türkmenistan gadymy hem-de baý ekerançylyk ýurdy bolmak bilen, häzirki döwürde ol asylly däpler ýere yhlas etmegiň täze döwrebap görnüşinde dowam edýär. Oba zähmetkeşleri pudagyň häzirki döwürde iň kämil tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, şöhratly pederderimizitň asylly tejribelerini mynasyp dowam edýärler. Hasyl toýunda tutuş ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň, şol sanda pagtaçylaryň gazanan ajaýyp üstünlikleri giňden bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler özüniň aýdyň netijesini berýär. Türkmen daýhanlaryna uly ýeňillikler berilýär, pudagy tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar, oňa täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa şöhratly pederlerimiziň ýerden rejeli peýdalanmakdaky köp asyrlyk tejribeleri bilen utgaşyklykda oba hojalygyny okgunly ösdürmekde kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär. Biziň ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylýar, olar türkmen obalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin kuwwatly ykdysady binýat bilen üpjün edilýär. Munuň özi pudagyň önümçilik möçberleriniň yzygiderli artmagynyň kepilidr.
Paýtagtymyzdaky aýlawda gurnalan sahnada baýramçylygyň resmi bölümi dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edermen oba hojalyk işgärlerine, hasyl ussatlaryna we Garaşsyz, Bitatarap Türkmenistanyň tutuş halkyna iberen Gutlagy okaldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hasyl toýy türkmen halkynyň şatlykly baýramynyň biri bolmak bilen, häzirki ajaýyp eýýamda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň uly üstünlikleri gazanýan döwründe türkmen halkynyň milli we ruhy taýdan täzeden galkynýandygyny alamatlandyrýar. Bu baýram daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen tükmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bereketli hasylyň we olaryň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapynlan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumyyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.
Baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösmegine mynasyp goşant goşan we ähli welaýatlardan paýtagtymyza gelen öňdebaryjy hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda däp boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri diýlip ykrar edilen öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary we sürüjileri sylaglamak dabarasy boldy.
Baýramçylyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda oba hojalyk pudagynyň işgärleri hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň munan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guralan konsert dabaranyň baş bezegine öwrüldi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten derejesini, türkmen topragynyň sahylygyny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Belli estrada aýdymçylarynyň we artistleriň, bagşylaryň we ýurdumyzyň iň gowy folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýdy.
Asylly däbe görä, baýramçylyk dabaralary türkmen toýlarynyň baş bezegi hasaplanýan bedewleriň çapyşyklary bilen dowam etdi. Baýramçylyk dabaralarynyň merkezi bolan paýtagtymyzdaky aýlawda bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk at çapyşygy geçirildi. Saýlama bedewleriň köp sanlysy Hasyl toýy mynasybetli guralan çapyşyklara gatnaşdylar. Onda ýeňiji bolan bedewler we çapyksuwrlar bu günki dabara mynasybetli guralan ýörite baýraklara mynasyp boldy. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň çapysyklary tomaşaçylarda we dabara gatnaşýan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtyndaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň pagta önümleriniň II Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty öz işini tamamlady. “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, işewür toparlary, pagta süýümini satyn alyjylar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ony giňeltmäge, türkmen pagtasynyň ýokary we ajaýyp hil aýratynlyklary, pagtany gaýtadan işlemek pudagynda ýetilen sepgitler we onuň geljegi, pagta önümçiligiň, şeýle hem söwda we beýleki derwaýys wezipeleriň ösüş ugurlarynyň öwrenilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Ykdysady gözden geçirilişiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Agşamlyk Hasyl toýuna bagyşlanan dabaraly çäreler paýtagtymyzda we welaýatlarda guralan baýramçylyk konsertleri bilen dowam etdi. Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinokonsert merkezinde, Milli Garaşsyzlyk seýilgähinde Aşgabadyň medeniýet we sungat ussatlary, estrada aýdymçylary we folklor toparlary baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýan ajaýyp bezegler, dürli öwüşginli yşyklar bilen goşulyp gitdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne mahsus ruhubelentlik baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy.

* * *