Ï Aşgabatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň III gurultaýy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň III gurultaýy boldy

view-icon 704
Şu gün paýtagtymyzda bolup geçen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň III gurultaýy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda hakykatdan-da wajyp ähmiýetli waka öwrüldi, şonda bu iri jemgyýetçilik guramasynyň işiniň netijeleri jemlendi, şeýle hem onuň geljekki döwürdäki esasy wezipeleri we işiniň ugurlary bellenildi.

Ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklary möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady wezipeleri berjak etmekde, strategiki döwlet maksatnamalaryny we uly möçberli taslamalary amala aşyrmakda, demokratik, hukuk, dünýewi we ynsanperwer jemgyýeti gurmakda döwletiň ygtybarly daýanjy bolup durýar. Bu iri jemgyýetçilik guramasy türkmenistanlylaryň 1 milliondan gowragyny öz hatarynda jemleýär. Bu guramanyň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we baştutanlyk etmeginde türkmen halkynyň maddy hal- ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna , ýurdumyzyň rowaçlygyna gönükdirilen uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda öň hatarda bolýarlar.


Häzirki wagtda Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümine pudaklaýyn guramalaryň 14-si, welaýatlarda -- 5-si, etraplarda -- 49-sy we şäherlerde -- 9-sy girýar. Pudaklaýyn kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryňň, daýhan birleşikleriniň ählisinde ilkinji guramalar döredildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary özleriniň esasy wezipesiniň adamlary watançylygyň, ata Watanymyzyň öňündäki raýatlyk we ahlak borjuny belent derejä ýetirmekden, dogduk Diýarymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrmakdan ybaratdygyna düşünýärler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň VII gurultaýynda eden çykyşynda türkmen döwletiniň we jemgyýetimiziň ösüşiniň täze taryhy döwründäki ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläpdi, bu gurultaý şol iri jemgyýetçilik birleşiginiň işiniň jemlenmegine bagyşlanyp geçirildi. Milli Liderimiz şu ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden taryhy çykyşynda-da şu meseleleri öňe sürdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň mundan beýläk-de netijeli we özbaşdak işlejekdigine ynam bildirip, munuň üçin olarda syýasy we jemgyýetçilik tejribäniň bardygyny, olara bu guramalaryň agzalary bolup durýan müňlerçe raýatlar tarapyndan goldaw berilýändigini we adamlaryň bu guramalaryň işlerini oňlaýandygyny belledi hem-de olaryň hereketleriniň anyk maksatnamasyny kesgitledi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipeleri barada aýdyp, olaryň öz agzalarynyň zähmete hukugynyň goragynda durmalydygyny, raýatlaryň zähmet we iş şertlerini, döwlete degişli we hususy düzümlerde zähmetkeşleriň bähbitlerini goramalydygyny, ökde hünärmenleri taýýarlamak we hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak bilen yzygiderli meşgullanmalydygyny, adamlaryň zähmete degişli başlangyçlaryny kämilleşdirmelidigini we olary zähmet arkaly has-da taplamalydygyny, zähmete degişli ýörelgeleri dowam etdirýän nesli terbiýeläp ýetişdirmelidigini, önümçligiň öňdebaryjylaryna mynasyp baha bermek arkaly, olary joşgunly zähmet çekmäge höweslendirmelidigini, raýatlaryň dynç almagy üçin göwnejaý şertleri döretmek barada elmydama alada etmelidigini belledi.

Milli Liderimiz şol wezipeleri çözmegiň has oňaýly usullaryny tapmak üçin her günde oýlanyşykly işleri geçirip, döwrüň talaplaryna we öňde goýlan wezipelere laýyklykda hereket etmelidigini nygtady.


Türkmenistanywň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şu gezekki III gurultaýy hem täze maksatlara ýetilmegine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde goýan wezipeleriniň berjaý edilmegine gönükdirilendir. Oňa gatnaşmak üçin Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň 500-den gowragy ýygnandy.

Gurultaýyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Türkmenistanyň döwletliliginiň binýadynyň, gadymy demokratik esaslarynyň we halk häkimiýetiniň köpasyrlar bäri dowam edýän ýörelgeleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular, häzirki wagtda bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmelere esaslanýan syýasatynda öz beýanyny tapýar, bu özgertmeleriň maksady “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar arkaly beýan edilýär. Ýeri gelende aýtsak, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynyň golaýynda ýerleşýän bu uly binagärlik-çeperçilik toplumy ýurdumyzyň wajyp ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy we medeni merkezi bolup durýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň III gurultaýynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşikleriniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş sperişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, zähmet weteranlary we paýtagtymyzyň ýaşlary gatnaşdylar.

Gurultaýa gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny ruhubelent ýagdaýda diňlediler.

Döwlet Baştutany gurultaýa gatnaşyjylary, berkarar döwletimiziň bagtyýar zähmetkeşlerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň aýdyň ýoly bilen beýik we röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakasy – Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň III gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz Kärdeşler arkalaşyklarynyň jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, raýatlarymyzyň döredijilik işjeňligini ösdürmekde, Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň zähmet hukuklarynyň hemişe goragynda bolmak ugrunda amala aşyrýan asylly işine ýokary baha berip, gurultaýda önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň jemgyýetimizi demokratik ýol bilen sazlaşykly ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi üpjün etmekde bitiren netijeli işlerine mynasyp baha beriljekdigine, şeýle hem döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyry bilen baglylykda, kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeleriň we sepgitleriň kesgitlenjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Watanymyzyň syýasy, ykdsady, medeni we jemgyýetçilik durmuşyny mazmun we hil taýdan düýpli özgertmegi, her bir işe täzeçe çemeleşmegi talap edýär diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag sözleri bu ýere ýygnananlaryň ählisi tarapyndan şowhunly el çarpmak arkaly garşylandy. Gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we jebisliginiň kepili hökmünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işine ýokary baha bermegini çuňňur hoşallyk duýgusy bilen garşyladylar.

Gurultaýyň gün tertibine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew toparynyň hasabatlary girizildi, bu hasabatlarda geçen ýyllarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri beýan edildi hem-de geljekki bäşýyllyk döwürde bu jemgyýetçilik guramasynyň maksatlary we wezipeleri kesgitlenildi. Şunda täze döwre mahsus ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly, kärdeşler arkalaşyklarynyň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyndaky ähmiýetiniň has-da artdyrylmagyna degişli meselä aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Kärdeşleri arkalaşyklarynyň işini we düzümini kämilleşdirmek, kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksadynda işleri ýaýbaňlandyrmak bilen bagly teklipler gurultaýa gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 2012-2017-nji ýyllar üçin maksatnamasyna garaldy. Şeýle hem gurultaýyň gün tertibine wajyp ähmiýetli guramaçylyk meseleleriniň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna we Derňew topary baradaky düzgünnama üýtgetmeleriň girizilmegine, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we derňew toparynyň täze düzüminiň saýlanmagyna degişli meseleler goşuldy.

Çykyş edenler türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň täze taryhy döwrüniň kämil jemgyýetçilik-zähmet gatnaşyklary we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpgöter ýokarlandyrylmagy bilen tapawutlanýandygyny bellediler. Şu ýagdaýlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleriň girizilmegini, onuň döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegini, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin täze maksatlaryň kesgitlenmegini talap edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 2012-2017-nji ýyllar üçin maksatnamasyny kabul etmek zerurdyr.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, ýurdumyzyň beýleki Kanunlarynyň we öz Tertipnamasynyň çäklerinde döwlet, häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Mejlisi, jemgyýetçilik guramalary hem-de eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hojalygy ýöredýän taraplar, iş berijiler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly guraýandygy nygtaldy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de bähbitlerini we kanuny hukuklaryny goramak, adamlaryň joşgunly we ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bagly işler kärdeşler arkalaşygynyň işiniň üstünlikli alnyp barylýan we mundan beýläk-de üns berilmegini talap edýän ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ýaş nesle bilim bermek we ony watançylyk ruhunda terbielemek, sagdyn durmuş ýörelgesi ugrundaky herekete mahsus ýörelgeleri, bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanylmagyny wagyz etmek hem wajyp ähmiýetli işleridir. Gurultaýa gatnaşyjylar zähmetkeşleriň aň-düşünjeli intellektual, ynsan we hünärmen hökmündäki mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna aýratyn üns berdiler.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary, dürli hünärler we ugurlar boýunça işleýänleriň wekilleri gün tertibine girizilen esasy meseleler barada çykyş etdiler. Şunda kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek esasynda bu guramalaryň işiniň güýçlendirilmegine, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de jebisleşdirmekde, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar arkaly beýan edilen esasy wajyp ähmiýetli ýörelgä esaslanýan durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň ähmiýetini artdyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa gatnaşyjylar geljekki meýiller barada aýdyp, ýaşlaryň watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine, türkmenistanlylaryň täze nesliniň ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň amala aşyrylmagyna giňden çekilmegine degişli meselelere aýratyn üns berdiler. Çykyş edenler milletiň Lideriniň ata Watanymyzyň, onuň her bir raýatynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen wajyp ähmiýetli döwlet maksatnamalaryny wagyz etmek, düşündirmek we durmuşa geçirmek biziň esasy wezipämizdir diýip bellediler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň III gurultaýynyň Karary gurultaýa gatnaşanlar tarapyndan biragyzdan oňlanyldy, şonda bu jemgyýetçilik guramasynyň geljekki işiniň strategiýasy kesgitlendi we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan täze wezipeler beýan edildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 2012-2017-nji ýyllar üçin maksatnamasy biragyzdan kabul edildi.

Gurultaýda biragyzdan kabul edilen karar esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesine T.Muhammedowa saýlanyldy. Şeýle hem gurultaýa gatnaşyjylar bu guramanyň Tertipnamasyna degişli üýtgettmeleri biragyzdan tassykladylar hem-de guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine garadylar, şol meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň III gurultaýynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimizi jemgyýetde agzibirligi we sazlaşygy pugtalandyrmak üçin ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribelerini aýamajakdyklaryna hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek we onuň at-abraýyny artdyrmak, türkmen halkynyň bähbidi ugrunda zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda sergi guraldy, şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, täze kitaplar, şol sanda gurultaýyň açylyşyna gabatlanyp, üç dilde (türkmen, iňlis we rus dillerinde) taýýarlanan “Türkmenistanyň milli kärdeşler arkalaşyklary ösüş ýolunda” atly neşir görkezildi. Serginiň özbaşdak bölüminde milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli nusgalar, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri ýerleşdirildi.