Şu gün 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça Döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimlikleriniň 15-26-njy dekabrda geçiriljek ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň we geçiren işleriniň jemlerine garaldy.
Topar gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we onuň welaýatlardaky bölümleriniň, şeýle hem ilat ýazuwyny geçirmäge gatnaşýan ministrlikleriň we edaralaryň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň deslapky işleri tamamlandygyny we bu möhüm hem-de giň gerimli çäräni geçirmäge taýýardygy bellenildi.
Hasabatlarda habar berlişi ýaly, şu ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynyň dowamynda wagtlaýyn ýazuw işgärlerini-ýazuw bölümleriniň müdirlerini, gözükdiriji-gözegçileri we hasaplaýjylary köpçülikleýin okatmak işi tapgyrlaýyn geçirildi. Ilat ýazuwynyň geçirilmegini utgaşdyrmak üçin döredilen ýazuw bölümleriniň, hasaplaýjy uçastoklaryň we ştablaryň netijeli işlemegi üçin olar mebeller, guramaçylyk tehnikasy we aragatnaşyk serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan iş otaglary, ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe bolsa, ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Ilat ýazuwynyň netijelerini işläp taýýarlaýan Baş kompýuter merkezi hem döredildi we işlere doly taýýarlanyldy. Onda ýerli ulgam, tiz hereket edýän skanerler, serwerler we awtomatlaşdyrylan iş ýerleri hereket edýär.
Mejlisde 2010-2012-nji ýyllar üçin usulyýet we guramaçylyk häsiýetli, şol sanda ilat ýazuwynyň meseleleri boýunça ilat arasynda geçirilen köpçülikleýin düşündiriş, taýýarlyk işleriniň oňyn netijeleri jemlendi, şeýle hem oňa gatnaşyjylaryň öňde boljak çäräni halkara ülňülerine laýyklykda ýokary derejede guramak boýunça wezipeleri kesgitlendi.