Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary

view-icon 485
Şu gün Tejen etrabynyň “Agalaň” geňeşliginiň Agalaň obasynda durmuş maksatly nobatdaky desga – dermanhanaly oba saglyk merkeziniň häzirki zaman iki gatly binasy ulanylmaga berildi.

Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, oba ilaty we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Owadan bezelen binanyň öňündäki meýdançada ir ertirden başlap, aýdym-saz ýaňlandy, döredijilik toparlary ruhubelent aýdymlar bilen çykyş etdiler.

Täze saglyk merkezi “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 8-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri tarapyndan guruldy, müdirligiň aýratyn tapawutlanan hünärmenlerine dabarada gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen ýagty hem-de oňaýly iş otaglary ilkinji näsaglary kabul etmäge doly taýýardyr. Hirurgiýa, terapiýa, ginekologiýa, diş bejeriş, fizioterapiýa, amallar, rentgen otaglary, şeýle hem UZI we EKG otaglary olaryň hyzmatynda bolar. Binanyň özbaşdak durmuş üpjünçiliginiň häzirki zaman ulgamy bar, onuň töweregindäki çäklere ýodajyklar çekildi, gül ekildi, ýaprakly we pürli agaç nahallary we bezeg gyrymsy agaçlary oturdyldy.

Şu ýyl welaýatyň şäherlerinde we obalarynda durmuş maksatly desgalaryň onlarçasynyň – häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň birnäçesiniň gurlandygyny belläp geçmeli. Häzirki bejeriş edarasy hasap boýunça olaryň dördünjisidir, ýylyň ahyryna çenli bolsa ýene-de bir merkezi açmak meýilnamalaşdyrylýar. Ulanmaga berilýän şeýle desgalar Germaniýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan getirilen ähli zerur häzirki zaman lukmançylyk we barlaghana enjamlary bilen üjün edilendir. Munuň özi ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Dabarada çykyş edenler oba ýerinde täze saglyk merkeziniň nobatdaky açylyşy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe iri şäherlerde bolşy ýaly obalaryň hem-de şäherçeleriň ýaşaýjylary üçin ýokary derejeli lukmançylyk kömegini we maslahat beriş hyzmatlaryny almak barada ähli şertleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip nygtadylar. Dabara gatnaşyjylar halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine geçirýän uly möçberli işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

* * *

Şu gün Magtymguly şäherçesinde Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezine girilýän ýerde ýerleşen we bir sagatda awtomobil ulaglarynyň 200-sine hyzmat etmek üçin niýetlenilen täze ýangyç guýýan beket ulanylmaga berildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bekediň toplumyna dürli maksatly birnäçe binalar girýär.

Bu bekediň gurluşygy ilata hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, Magtymguly şäherçesiniň ösüş depginleri, Balkan welaýatynyň uzakda ýerleşen etrabynda awtomobil hereketiniň artmagy bilen hem şertlenendir. Şu ýyl "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu ýerde 500 okuwçy üçin multimediýa mekdebiniň, ýaşlaryň sportuň woleýbol, basketbol, tennis, boks, göreş, gündogar başa-baş göreşi we beýleki görnüşleri bilen höwesli meşgullanmaklary üçin göwnejaý üpjün edilen sport mekdebiniň gurlandygyny hem belläp geçmeli.