Ï Uly alada we üns berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uly alada we üns berilýär

view-icon 526
Türkmenistanyň maýyplary goldaýan merkezi birnäçe halkara we kommersiýa guramalarynyň goldamagynda Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň maýyplaryň sport mekdebinde terbiýelenýänler („daýanç-hereket apparatynyň zaýalanmagy“ bölümi) üçin Maýyplaryň halkara güni mynasibetli çäre geçirdi.

Baýramçylyga 150-den gowrak ýaş we eýýäm Maýyplaryň sport mekdebiniň ýeterlik derejede tejribe toplan türgenleri, olaryň ene-atalary we hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Baýramçylyga gatnaşyjylar üçin üsti naz-nygmatdan doly saçak ýazyldy hem-de aýdymçylar we sirkiň artistleri çagyryldy. Baýramçylygyň ahyrynda bu ýere gatnaşanlaryň ählisine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem ýakynda paýtagtyň „Aşgabat“ medeni-dynç alyş seýilgähinde kolýaskaçy maýyplaryň arasynda tizlik boýunça bäsleşik geçirildi. Bu ýere Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň maýyplar sport mekdebinde, Türkmenistanyň maýyplarynyň Merkezi bedenterbiýe-sport klubynda terbiýelenýänler, türkmen sportynyň weteranlary, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar ýygnandy. Bu çäräni Türkmenistanyň Maýyplary goldaýan merekzi hem-de „Enme“ Durmuş kömegi merkezi guradylar.

Kolýaskada geçirilen ýaryşdan başga hem bu çärede küşt, şaşka, stolyň üstünde oýnalýan tennis, agyrlyk götermek, tanap çekmek we naýza zyňmak boýunça bäsleşikler geçirildi

Maýyplaryň halkara gününiň öňisyrasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Çagalar gaznasynyň işgärleri Aşagabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bagynda myhmançylykda boldylar. Bekrewede ýerleşýän oňaýly iki gat jaýda ýerleşýän, tebigy şertlere görä ajaýyp howasy bolan bu çagalar bagynda akyl taýdan ösüşi kemisli bolan mekdebe çenli ýaşly çagalar terbiýelenýär.

Çagalara myhmanlaryň geljekdigi barada öňünden duýduryldy. Olar hem öz gezeginde myhmanlar üçin baýramçylyk konsertini taýýarladylar. Çagalar eýjejik görnüşde örän täsirli çykyş etdiler. Myhmanlar agzybirlikde ýaşajyk artistleriň çykyşlaryny el çarpyşmalary bilen goldadylar. Her bir çaga, çykyş edendigine ýa-da etmändigine garamazdan, myhmanlar olara içi sowgatdan doly uly sebedi gowşyrdylar.