Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň we ýurduň Mejlisiniň başlangyjy boýunça geçirilen nobatdaky maslahat Prezident maksatnamasy we adam hukugynyň kepillendirilmesi diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň maslahat zalyna milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, paýtagtyň edaralarynyň we guramalarynyň partiýa guramalarynyň sekretarlary, ylmy jemgyýetçiligiň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, syýasatçylar ýygnandy.
Maslahatyň maksatnamasyna adamyň we raýatyň konstutision hukugy bilen bagly kanunçylyk-hukuk binýadyny ösdürmäge bagyşlanan çykyşlar goşuldy. Çykyş edenler Prezident maksatnamasynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr, şahsyýetiň abraýy, döwletiň onuň hukugyny we azatlygyny goramaga taýýardygy, adamyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmek we amala aşyrmak üçin oňaýly şertleri döretmek, hemmeleriň we her bir adamynyň deň mümkinçilik bilen üpjün etmeli diýlip bellenilýär diýip aýtdylar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy hukuk özgertmelerini amala aşyrmak üçin düýpli binýat bolup hyzmat edýär. 2008-nji kabul edilen Konstitusiýanyň täze redaksiýasynda prinsipial täzelikler girizildi, Türkmenistanyň gol çeken we ratifisirlän halkara resminamalaryň düzgünleri beýan edilýär. Konstitusiýa bazar ykdysadyýetli, adamlar üçin ýokary durmuş standartly demokratik hukuk döwletini gurmagyň strategik meselesini berkidýär diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Prezident maksatnamasynda ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň işini kämilleşdirmek işi, ýerli häkinýet ulgamyny özgertmek işi dowam edýär. Maslahata gatnaşyjylar bi nukdaý nazardan Ýaşulularyň maslahatynda ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilen Türkmenistanyň adminstratiw-territorial birligini ösdürmek boýunça çäreler toplumyny belllediler. Bu çäreler jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda saýlanyp alynan ugryň mehanizimini amala aşyrmagy we oba ilatynyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmagy öz içine alýar diýip, maslahatda nygtaldy.