Ï Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary

view-icon 519
Şu gün umumymilli baýramçylygyň—Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsini ulanmaga bermegiň dabarasy boldy, şolarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynyň, şeýle hem beýleki guramalaryň işgärleri jaý toýuny tutdular.

Ir bilen 12 gatly binanyň öňündäki howa şarlary hem-de reňkli lentalar bilen bezelen meýdançada aýdym-saz ýaňlandy, bu ýere ýygnananlary—şäher we welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, köp sanly ýaşaýjylary hem-de bagtyýar jaý toýuny tutýanlary çäksiz şatlyk, dabaralylyk we bu wakanyň möhümligi gurşap aldy: şu gün maşgalalaryň 96-sy naýbaşy belent ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlaryny aldylar. Sazly-tans toparlarynyň çykyşlary dabarany bezedi, olar häzirki dabara uly baýramçylyk öwüşginini çaýan ajaýyp milli türkmen mukamlarynyň owazy astynda aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Balkanabadyň köp ilatly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birinde ýerleşen ak mermere örtülen belent jaýdaky öýler häzirki zaman ýaşaýyş jaýyna bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Munuň özi otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýlerdir, belent üçekleri we parket düşegi bolan ýagty otaglardyr, mebeliň we durmuşda ulanylýan tehnikanyň toplumlary bolan giň aşhanalardyr, beýleki jaýlardyr. Binada göwnejaý howa ýagdaýyny saklamagy howany tämizlemegiň we şemallatmagyň ulgamlary üpjün eder.

Belent jaýyň golaýynda abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy göz öňünde tutuldy, şol ýerde agaç nahallary, gyrymsy bezeg agaçlar oturdyldy, gül ekildi, çagalaryň oýun oýnaýan meýdançasy hem-de basketbol we woleýbol oýnamak üçin sport meýdançasy enjamlaşdyryldy.

Şu gün Balkanabadyň günbatar böleginde kemala gelýän täze ýaşaýyş jaý toplumynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynyň buýurmasy boýunça gurlan iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hem ikisi ulanylmaga berildi. Şol jaýlaryň her birinde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýleriň 16-sy bar. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi ýetip gelýän baýramçylyk bolan Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagt, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze üstünlikleri arzuw edip, türkmen halkynyň abadan durmuşy hakynda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Balkanabat öz binagärlik keşbini okgunly özgerdýär. Giň köçeleri we şaýollary, gür seýilgähleri bilen owadan, abadanlaşdyrylan şähere öwrülip, gözüň alnynda giňelýär. Soňky ýyllarda gurlan täze binalaryň hatarynda iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Ene mähri” saglygy goraýyş merkezi, keselleri anyklaýyş merkez, taryhy ülkäni öwreniş muzeýiniň we drama teatrynyň ajaýyp binalary, Balkan welaýatynyň häkimliginiň täze edara binasy, kuwwatly gaz turbina elektrik bekedi, “Multimediýa” mekdepleri, çagalar baglary, söwda merkezleri, ýaşaýyş jaýlary, 10 müň orunlyk stadion bilen sport şäherçesi, atçylyk-sport toplumy bar.

Ýakyn geljekde täze taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde şäherde “Bagt köşgi”, kitaphana, Medeniýet köşgi we beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurlar. Şunuň bilen bir hatarda, Balkanabatda şäher köçeleriniň durky täzelenýär. Gurluşykçylar gündogardan gunbatara we demirgazykdan günorta şäheri kesip geçýän ähli esasy awtomobil ýollaryn giňeldip, olary ikitaraplaýyn hereketi we bölüji zolagy bolan has oňaýly ýollara öwürýärler. Işjeň awtomobil ýol işleri bilen bir hatarda, köne ýaşaýyş jaýlarynyň durky täzelenilýär, olar täze häzirki zaman keşbine eýe bolýarlar.