Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabarasy

view-icon 576
Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleri ajaýyp sowgat aldylar. Seýdi şäherinde 24 öýli häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyşy boldy. Şu gün ir säherden baýramçylyk ýagdaýynda bezelen dört gatly binanyň öňünde aýdym-sazlar ýaňlandy, tanslar ýerine ýetirildi.

Dabaranyň barşynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylary ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem, şol sanda Seýdi şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy okgunly häsiýete eýe boldy. Özboluşly binagärlik usulynda gurlan bu ýaşaýyş jaýy kärhananyň buýrmasy we onuň serişdeleriniň hasabyna “Türkmengündogarnebitgurluşyk” trestiniň işçileri tarapyndan bina edildi. Olaryň has tapawutlananlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Trestiň gurluşykçylary geçen ýyllarda hem bu zawod üçin 24 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesini, şeýle hem 2 gatly kottežleriň giden toplumyny gurupdy. Açylyş dabarasynda zawodyň işçileriniň we hünärmenleriniň maşgalalaryna dabaraly ýagdaýda ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

Köp we az çagaly maşgalalary üçin niýetlenen öýlerde ýaşaýjylaryň rahat ýaşamagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Giň we ýagty otaglaryň, aşhananyň gurluşygynda iň häzirki zaman timarlaýyş materiallary we tehnologiýalary ulanylypdyr. Olarda markezleşdirilen suw, ýylylyk, gaz we energiýa üpjünçiligi bar. Öýüň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, gök zolaklar döredilipdir. Ýörite abzallaşdyrylan çagalar üçin meýdançalar hem göz öňünde tutulypdyr.

Nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak masady bilen 2013-nji ýylda 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini gurmak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.