Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 549
Şu gün Türkmenistanyň umumymilli baýramy bolan Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Garagum etrabynyň Ak meýdan obasynda durmuş ähmiýetli nobatdaky desganyň – 90 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy. Obanyň keşbine görk goşan bu mekdebe çenli çagalar edarasy oba zähmetkeşleriniň çagalary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Täze binalar toplumy welaýat taslama- gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleriniň taýýalan taslamasy boýunça “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Dabaranyň barşynda has tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň durmuş maksatly dürli desgalary – mekdebe çenli çagalar edaralaryny we umumymilli bilim berýän mekdepleri, sport mekdeplerini we ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýeňillikli karyzlar boýunça ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny gurmakda uly tejribe toplandyklaryny bellemek gerek. Birleşigiň welaýatyň etraplarynda gurluşyk-gurnama düzümleriniň tutuş ulgamy ýerleşýär we täze desgalar gurulanda öz önümçilik kuwwatlyklarynda öndürilen kerpiçler, demir-beton gurluşyk gurnamalary ulanylýar. Bu bolsa täze gurulýan desgalary ýokary hilli zerur materiallar bilen öz wagtynda üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Täze çagalar bagy däp bolan milli öwüşginler we ýokary hilli timarlaýyş materiallarynyň ulanylmagy bilen häzirki zaman binagärlik bezeginiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Täze bina häzirki döwürde bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär we körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin onda ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Çagalaryň her bir toparynyň ýaş aýratynlyklary hasaba alnyp, başlangyç kompýuter sowatlylygyny, saz öwrenmegiň başlangyçlaryny özleşdirmek üçin ýörite otaglar enjamlaşdyrylypdyr. Bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdançalar gurnalypdyr. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri goýulypdyr.

Açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, obanyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenlar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp gelýän ýaş nesil hakynda edýän aýratyn aladasyny belläp, dürli durmuş maksatly desgalarynyň yzygiderli ýagdaýda ulanmaga berilmegi biziň döwletimizde “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Bu ýerde dabaranyň barşynda döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanan aýdyň öwüşginli aýdym-tansly maksatnamadan ybarat bolan baýramçylyk konserti boldy.