Ï Baş gahrymanlar - Aýazbabalar we Garpamyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baş gahrymanlar - Aýazbabalar we Garpamyklar

view-icon 944
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisleriniň birinde eden çykyşynda tutuş ýurdumyz boýunça Täze ýyl baýramçylygynyň mynasyp derejede bellenilip geçilmeginiň möhümdigini aýtdy. “Biz Täze ýyly agzybir, bitewi maşgala bolup täze ajaýyp işleri we belent wezipeleri amala aşyrmak üçin uly gujur bilen garşylamalydyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisinde nygtady. Şu günler milletiň Lideriniň görkezmelerini durmuşa geçirmek bilen tutuş ýurdumyz boýunça köpçülikleýin çäreler guralýär. Olaryň hatarynda biziň her günümizi baýramçylyga öwürýän dabaralar bolan gyzykly, şadyýan bäsleşikler bar.


Paýtagtymyzdaky “Toý mekany” dabaralar merkezinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Garpamyk-2013” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we ýurdumyzyň Bilim ministrligi guradylar.


Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlarynyň keşbine girmegi arzuw edýän okuwçy gyzlar üçin bäsleşigiň ilkinji tapgyrlary paýtagtymyzda, şäherlerde we welaýatlaryň etraplarynda geçirildi. Bäsleşik üç ýaş derejesi: 7-10, 11-14 we 15-17 ýaşly okuwçy gyzlaryň arasynda guraldy. Saýlama tapgyrlaryň netijeleri boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň iň oňat Garpamyklary gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemleýji bölegi üç tapgyrdan ybarat boldy. Onuň birinjisinde ýaşajyk Garpamyklar goşgulary ýa-da kyssa eserlerini labyzly okap, artistlik ukyplaryny görkezdiler. Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşýanlaryň her biri Täze ýyl agşamyny alyp barmak,tomaşaçylar üçin gyzykly baýramçylyk maksatnamasyny görkezip, Aýazbaba bilen bilelikde umumy şatlyk ýagdaýyny döretmek başarnygyny açyp görkezdiler. Üçünji tapgyr bäsleşigiň maksatnamasynyň iň jogapkärli bölümi boldy. Ýaşajyk Garpamyklar tomaşaçylaryň agzybirlikde el çarpyşmagyny gazanar ýaly derejede aýdym aýtmak we tans etmek başarnygyny görkezdiler.


Emin agzalaryna bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek aňsat bolmady, sebäbi ýaşajyk Garpamyklaryň köpüsi öz ukyplaryny we başarnyklaryny mynasyp derejede görkezdiler. Şeýle-de bolsa bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi we olara diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylyp, Täze ýyl baýramçylyklaryny alyp barmak hukugy berildi. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine “Garpamyk-2013” bäsleşiginiň barşynda görkezen işjeňlikleri, zehinleri we başarnyklary üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şunuň ýaly döredijilik bäsleşigi Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynda hem geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen Garpamyklaryň we Aýazbabalaryň 100 jübütinden gowragy gatnaşdy. Bäsleşigiň barşynda Täze ýyl dabaralarynyň baş gahrymanlarynyň keşbinde ýurdumyzyň teatrlarynyň we höwesjeňler teatrlarynyň artistleri çykyş etdiler. Şeýlelikde, ýaşlar teatrynyň sahnasynda Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlan uly bolmadyk sahnalary bilen paýtagtymyzyň teatrlarynyň belli artistleriniň gatnaşmagynda hakyky Täze ýyl şüweleňi ýaýbaňlandyryldy.


Täze ýyl baýramçylyklaryny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly tejribe alyşmak maksady bilen guralan çäreleriň çäklerinde okuw maslahaty hem geçirildi. Aýazbabanyň we Garpamygyň keşbinde çykyş etmegi arzuw edýän ýaşlar üçin ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet we sungat işgärleri artistlik sapaklaryny geçdiler.

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hem bäsleşiklere gatnaşýanlar üçin özboluşly ussatlyk sapagy berildi. Sahnada sirkiň artistleriniň gatnaşmagynda aýdyň öwüşginli tomaşa görkezildi. Onuň ahyrynda öňde boljak baýramçylyklaryň baş gahrymanlary Aýazbabalar we Garpamyklar Täze ýyl gutlaglary bilen çykyş etdiler.


Paýtagtymyzda ýygnanan artistler Döwletliler köşgüne bardylar. Olaryň bu ýere gelmegi mynasybetli Köşkde terbiýelenýänler myhmanlary begendirmegi we olary haýran galdyrmagy başaran çykyşlarynyň maksatnamasyny taýýarladylar. Öz gezeginde Aýazbabalaryň we Garpamyklaryň adyndan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy we olaryň adyna iň oňat arzuwlar aýdyldy.

Bäsleşige gatnaşýanlar üçin şeýle hem medeni maksatnama taýýarlanyldy. Paýtagtymyz boýunça guralan gezelenjiň soňy köp sanly Aýazbabalaryň we Garpamyklaryň aýdyň öwüşginli ýörişine öwrüldi. Bu bolsa heniz baýramçylyk başlamanka Täze ýylyň ertekilerdäki ýaly ajaýyp görnüşlerine aralaşmaga mümkinçilik alan ýaşajyk aşgabatlylarda” we uly şadyýanlyk duýgusyny döretdi.