Aşgabatda BMGÖM taslamasynyň çäklerinde „Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gurluşygy ulgamynda energiýa netijeliligini gowlandyrmak“ ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar – ýaşaýyş jaýlaryny taslama, gurluşyk we ulanyş ugurlarynyň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, paýtagtyň häkimliginiň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hünärmenleriniň otuzdan gowragy gatnaşdy. Maslahat öňdebaryjy tejribäni öwrenmeklige, ony durmuşa ornaşdyrmagyň geljegine we paýtagytdaky ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň öňünden energoauditiniň netijelerine bagyşlandy.
Ýaşaýyş jaý ulgamynyň energiýa sarp edijiligi gurluşygyň möçberi bilen bir hatarda ösýär. Şu günki ýagdaýdan ugur almak bilen, taslamanyň uzak möhletleýin maksady kesgitlenildi – täze jaýlar gurlanda weöňki jaýlaryň durky täzelenilende energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak kesgitlenildi. Bu bolsa howanyň üýtgemegi boýunça milli ýörelgäni amala aşyrmakda möhüm goşant bolar. Bu maksatnama 2012-nji ýylyň başyndan bäri Global ekologiki gaznasynyň goldamagynda „Türkmengaz“ döwlet konserni we BMG-niň Ösüş Maksatamasy tarapyndan amala aşyrylýar. Gurluşyk, Jemgat hojalygy ministrlikleri we Aşgabat şäher häkimligi bu taslamanyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýarlar.
Bu maslahat ýaşaýyş jaýlary üçin iň gowy energiýa netijeliligini owrenmeklige bagyşlandy. Onuň bilen 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda Germaniýa we Daniýa bolan okuw saparlarynyň dowamynda Gurluşyk ministrliginiň, Jemagat hojalygy ministrliginiň, birnäçe taslama institutlarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, „Türkmengaz“ döwlet konserniniň wekilleri tanyşdyryldy. Bu ýurtlar binalary gurmakda „gök“ maýa goýum ulgamlarynda ykrar edilen öňdebaryjylar bolup durýarlar. Energiýanyň netijeli ulanylşyna, gurluşyp kadalaryna we düzgünlerine, energiýe netijeliligi gurluşygyny goldamak üçin kanuny binýada, energoaudite, binalaryň toparlara bölünişlerine we pasportlaşdyrylmagyna, şeýle hem energiýa netijeliliginiň binagärlik ulgamynda bilime garalyp geçildi. Saparda bolan hünärmenler energiýa netijeliligi ulanmakda çözgütleri we tehnologiýalary, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde ulanmagyň birnäçe tanyşdyrmalaryny hödürlediler.
Şeýle hem maslahatda birnäçe ösen ýurtlarda we GDA ýurtlarynda energiýa netijeliliginiň gurluşygynyň kadalary we standartlarnyň netijeleri we Türkmenistanda gurluşyk boýunça bar bolan kadalar we standartlar, energiýa netijeliligi artdyrmak üçin olara geljekde gaýtadan garamaga hödür etmek giňden beýanyny tapdy. Gurluşyk ministrliginden gatnaşan wekiller gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini optimizirlemäge gatnaşamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar görkezme hökmünde saýlanyp alynan indiki ýyl üçin bellenilen doly bahaly auditiniň öňisyrasynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynyň altysynyň energetikasynyň auditiniň netijeleri bilen öňünden tanyşdyryldy. Geçirilen barlaglaryň netijeleri ýylylygyň ýitýän ýerleri nukdaý nazaryndan has „gowşak“ ýerlerini ýüze çykardy we görkeziliş öýleri üçin energo tygşytlaýjy çäreleriň öňünden düzülen sanawyny işläp taýýarlamaga şert döretdiler. Şolaryň esasynda we gaýtadan işlenen gurluşyk kadalaryna esaslanyp, taslama häzirki hereket edýän binalar üçin hem, gurluşygy ýaňy meýýileşdirilýän binalar üçin hem energiýa netijeli çözgütler amala aşyrýar.
Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar ýurtda binalarda energiýa sarp edilişini optimizirlemegiň usullaryny ornaşdyrmagyň has netijeli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.