Ï Hazaryň tebigatyna aýawly garamagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň tebigatyna aýawly garamagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 738
Şu gün türkmen paýtagtynda möhüm halkara resminamasyny – Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak we netijeli peýdalanmak hakynda ylalaşygy taýýarlamaga bagyşlanan sebitleýin maslahat öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişi ministrlikleriniň we edaralarynyň—balyk hojalygynyň, tebigaty we daşky gurşawy goramak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Bu maslahat bilermenleriň şu ýyl eýýäm ikinji gezek geçirýän duşuşygy bolup, olaryň wezipesi Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak we netijeli peýdalanmak hakynda ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmekden ybarat bolup durýar. Bu resminama möhüm ugurda Hazarýaka ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň netijeli usulyny döretmäge gönükdirilendir.

Bu babatda anyk teklipleri 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň üçünji duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýan etdi. Milli Liderimiziň Hazarda işleriň dürli görnüşlerini düzgünleşdirýän täze hökümetara ylalaşyklaryny taýýarlamak hakynda başlangyjy ýokary derejedäki duşyşyga gatnaşyjylaryň goldawyna eýe boldy. Olar Hazar sebitiniň ekologiýa howpsuzlygynyň bir bitewi we mäkäm ulgamyny döretmek ýaly strategik ugurda bilelikde işlemäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Bilermenleriň derejesinde geçirilen şu günki maslahatyň barşynda düýpli pikir alyşmagyň çäklerinde taraplaryň her biri seredilýän meseleler boýunça nukdaýnazarlarynyň geljekde ylalaşylmagyna gönükdirilen teklipleri beýan etdiler. Bu, hususan-da, biologik serişdelerini peýdalanmagyň, şol sanda bekre balyklaryny awlamak üçin paýlary kesgitlemegiň, daşky gurşawy goramak babatda milli maksatnamalary utgaşdyrmagyň tertibine degişlidir.

Şunda deňiz balyk serişdelerini dikeltmäge, deňizde balyk tutmak işini kadalaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Hazaryň tebigy baýlyklaryny goramaga we artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak barada pikirlerini beýan etdiler. Deňizdäki işlere diňe jogapkärçilikli, ylmy taýdan berk çemeleşme uzakmöhletleýin geljek üçin balykçylygy üstünlikli ösdürmäge ýardam eder diýlip bellenildi. Möhüm wezipeleriň hatarynda biologik serişdeleriniň ýagdaýyna we Hazaryň deňiz gurşawyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, degişli ugurda ylmy barlaglary giňden geçirmek, ilata ekologiýa barada maglumat bermek işleri görkezildi.

Bellenilişi ýaly, Hazar sebiti häzir Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy, ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde anyk hukuk kadalaryna hem-de Hazarýaka ýurtlarynyň bähbitleriniň, şol sanda ekologiýa abadançylygyny, biologiýa köpdürlüligini goramagyň, dünýäniň täsin tebigy toplumynyň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň özara nazara alynmagyna esaslanan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy has ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi. Bu öz gezeginde ähli döwletleriň we halklaryň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin möhüm şert bolup durýar.

Şeýlelikde, şu ýylyň noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Hazar ekologiýa forumy şol başlangyçlary ilerletmegiň ýolunda uly ädim boldy. Şunda şol foruma hemişelik hereket edýän halkara guramasynyň derejesini bermegiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi. Ol daşky gurşawy goramagyň we oňaýly çözgütleri işläp düzmegiň meselelerine seretmek üçin gepleşikler binýadyna öwrüler.

Türkmenistanyň Hazar deňzini ekologiýa taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge berýän möhüm ähmiýeti ozaly bilen Hazaryň aýratyn derejesi—dünýä ummanyndan daşda ýerleşen içerki iri suw howdany, dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan tebigatyň hakyky merjeni bolup durýandygy bilen şertlendirilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri – mysal üçin, hazar düwleni—sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly baýlygy bolup durýar. Bekre balyklarynyň dünýäde iri sürüsi Hazaryň buýsanjydyr . Olar aýratyn üns berilmegine mätäç bolup, Hazaryň deňiz giňişlikleriniň gymmatly jandarlarydyr. Bu ýerde şeýle hem balyklar we guşlar üçin iýmlik binýady hökmünde aýratyn ähmiýetli bolan leňňeç şekillileriň, gurçuklaryň we mollýusklaryň onlarça görnüşi ýaşaýar.

Hazaryň türkmen böleginiň kenar zolagynda guşlaryň uçup geçmeginiň birnäçe yklymüsti ugurlary kesişýär.Hazar döwlet goraghanasynyň çäklerinde ýerleşen deňiz aýlaglary we suwly-batgalyk ýerler guşlaryň ýüzlerçe müňüsiniň—leglekleriň, guwlaryň, ördekleriň, gyzylinjikleriň, durnalaryň, baklanlaryň we başgalaryň mesgen tutýan, höwürtgeleýän hem-de gyşlaýan ýeri bolup hyzmat edýär we halkara ähmiýetli ýerleriň derejesi bilen Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi.

Biziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de durnukly ösüşe ygrarlydygyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2008-nji ýylda kabul edilen täze redaksiýasy aýdyň tassyklaýar, onda tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak ugrunda döwlet gözegçiligi hakyndaky tezis berkidildi. “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky”, “Balykçylyk we suw biologiki serişdeleri gorap saklamak hakyndaky” kanunlaryň halkara hukugyna degişli kadalary, Hazar deňzinde nebitiň akdyrylmagynyň öňüni almak we ýok etmek boýunça milli meýilnama, Türkmenistanyň kenarýaka suwlaryny gämileriň hapalamagyndan goramagyň kadalary—bu we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň ykdysady tarapdan başga, aýdyň beýan edilen ekologiki tarapy hem bardyr.

Bu ugurlaryň hemmesi boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Hazaryň meseleleri baradaky pudagara topar netijeli işleýär, onuň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, birnäçe pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň we beýlekileriň wekilleri girýär.

Ozal bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan serhetüsti ekologiýa meselelerini çözmekde giň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýär. Bu babatda Hazaryň özboluşly ekologiýa ulgamyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli taslamalaryň birnäçesi hyzmat edýär.

“Hazar deňziniň kenarynda Hazar goraghanasynda dünýä ähmiýetli biologiki köpdürlüligi gorap saklamak hem-de durnukly peýdalanmak” atly ekologiýa taslamasy BMG-niň Giň möçberli ekologiýa gaznasy we Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde Türkmenistan tarapyndan amala aşyryldy. Onuň esasy maksady düýbünden täze, dünýä tejribesine esaslanan biologik köpdürlüligi gorap saklamagy, Hazar döwlet goraghanasyny dolandyrmagyň ulgamyny işläp taýýarlamak bolup durýar, ol Türkmenistanyň beýleki milli goraghanalarynda, seýilgählerinde hem ulanylyp bilner.

Mejlise gatnaşyjylar geçirilen söhbetdeşligiň jemini jemlemek bilen häzirki duşuşyga ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda Hazarýaka döwletleriň gatnaşyklaryny ösdürmekde täsirli çäre hökmünde garaýandyklaryny nygtadylar.

Aýratyn bellenip geçilişi ýaly, häzirki döwrüň giň möçberli wezipelerini çözmekde, şol sanda daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, Hazaryň biologic köpdürlüligini gorap saklamak babatda diňe toplumlaýyn çemeleşmek hem-de dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek bu ýerde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidine hem-de eşreti üçin anyk oňyn netijeleri berer.

Ertir sebitleýin maslahat öz işini dowam eder.