Şu gün Garabekewül etrabynyň merkezinde dabaraly ýagdaýda täze häzirki zaman sport toplumy açyldy. Sport şäherçesiniň çäkleri köp adamly boldy, bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Ýaş türgenler öz ussatlygyny görkezýärler, etrabyň medeniýet işgärleri bolsa bu möhüm waka bagyşlanyp taýýarlanylan ajaýyp konsert maksatnamasy bilen bu ýere ýygnananlaryň göwnüni göterdiler.
Welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, sport hem-de ýaşlar guramalarynyň wekilleri sport toplumynyň açylmagy bilen garabekewüllileri gutlamak üçin açylyş dabarasyna geldiler. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýan häzirki zaman sport toplumlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ymtylyşynyň aýdyň nyşany boldy. Şular ýaly desgalary gurmak başlangyjy milletimiziň saglygyny pugtalandyrmagy, beden taýdan sagdyn hem-de ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmegi maksat edinen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler gazanylýan sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip yglan eden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu syýasaty durmuşa geçirmegiň çäklerinde Garabekewül şäherçesinde 2010-njy ýylda 365 orunlyk häzirki zaman sport mekdebi guruldy. Şondan bäri onuň sport zallarynda, bölümlerinde, meýdançalarynda şäherçäniň ýaşlary we ýetginjekleri öz boş wagtlaryny gyzykly hem-de saglyk üçin peýdaly geçirýärler. Olar boş wagtlary dürli bölümlerde meşgullanmak bilen sport ussatlygynyň tärlerini ele alýarlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlaryň barşynda ony kämilleşdirýärler.
Bir ýarym müň orunlyk stadionly bu täze sport merkezi etrabyň ilaty üçin ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy. Enjamlaşdyrylan münberlerden sport meýdançasy oňat görünýär. Bu bolsa janköýerlere sport meýdançasynda bolup geçýän ýaryşlary ünsli synlamaga mümkinçilik berýär. Telär tomaşaçylary gün şöhlesinden we ygaldan goraýar. Dürli öwüşginli oturgyçlar stadionyň bölümleriniň özboluşly nyşanlary bolup hyzmat edýär. Gök otly futbol meýdançasynyň töwereginde ýeňil atletikaçylaryň türgenleşikleri geçirmek üçin ylgaw ýodajyklary çekildi. Yşyklandyryşyň häzirki zaman ulgamy aşamlaryna hem ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berer.
“Arkadaga şöhrat!” şygary astynda stadionda ýaşlaryň ýörişi dabaranyň jemleýji çäresi boldy. Soňra stadionda sportuň ençeme görnüşleri boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary, şeýle hem futbol ýaryşy boldy.
Özbaşdak suw, energiýa, ýylylyk ulgamy bilen üpjün edilen täze sport merkezinde woleýbol, boks, göreş we sportyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak bolar. Oňat enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly, durmuş hajatlary üçin toplumlar, lukmançylyk otagy, awtomobil duralgasy bar. Sport şäherçesiniň töweregindäki çäkler göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, yşyklandyrylypdyr we bagy-bossanlyga bürelipdir.
Häzirki zaman binagärlik keşbindäki sport toplumy Lebap welaýatynyň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça “Türkmenabatgurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Açylyş dabarasynyň barşynda olaryň iň oňatlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.