Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň Ispas obasynda şu gün häzirki zaman Medeniýet öýüniň täze binasy dabaraly ýagdaýda gapylaryny giňden açdy. Milli binagärlik äheňinde gurlan iki gatly täze bina obanyň görküni artdyrdy.
Şu gün bu ýere täze desganyň açylmagy mynasybetli oba adamlaryny gutlamak maksady bilen, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilki guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, medeniýet ulgamynyň işgärleri ýygnandylar. Türkmen halkynyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ägirt uly üstünliklerini, durmuş ulgamynyň beýleki pudaklary bilen medeniýetiň hem-de ýurtda medeni edaralar düzüminiň sazlaşykly ösýändigini wasp edýän aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy, çykyşlar guraldy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ilatynyň durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanýandygyny, oňyn özgertmeleriň gadymy türkmen topragynyň ähli künjeklerini öz içine alýandygyny aýratyn bellediler. Munuň şeýledigini Ispas obasynyň mysalynda görmek bolýar. Şeýlelikde, geçen ýyl bu ýerde 100 çaga niýetlenen täze döwrebap çagalar bagynyň açylmagy ene-atalaryň we körpeleriň şatlygyny artdyrdy. Şu gün bolsa oba adamlary ajaýyp medeniýet merkezini sowgat aldylar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize oba adamlary hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Oba Medeniýet öýi häzirki zaman bezeg materiallary esasynda abadanlaşdyrylypdyr. Binany “Bir el” hususy kärhanasynyň işgärleri bilen “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň Seýdi müdirliginiň hünärmenleri bilelikde gurdular. Täze Medeniýet öýi gurulanda häzirki zaman timarlaýyş materiallary ulanyldy. Onda medeni-köpçülikleýin çärelerini, baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertler bar. Birinji gatda 200 orunlyk sahna bolup, onda binanyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk konserti guraldy.
Şeýle hem toplumda oba ýaşaýjylaryny döredijilik başarnyklaryny ösdürmek üçin okalga zaly bolan kitaphana, oba muzeýi, ses ýazgysyny geçirmek üçin ýörite otag, çeperçilik studiýalary bolup, olarda ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Aýdymçylaryň, sazandalaryň, tansçylaryň taýýarlanmaklary üçin otag, timar beriş otagy, gulluk jaýlary bar.
Gurluşykçylar oba medeniýet öýüniň diňe bir owadan we işlemek hem-de dynç almak üçin amatly bolmagy bilen çäklenmän, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrdylar. Bu künjekde owadan yşyklandyryjylar oturdylypdyr, ykjam oturgyçlar goýlupdyr, ýaşajyk bag nahallary ekilipdir. Şeýle hem bu ýerde awtoulaglar üçin niýetlenen duralga bar.
Medeniýet öýüniň açylyş dabarasynda onuň gurluşygynda has tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle hem täze – 2013-nji ýylyň dowamynda häzirki zaman owadan we köpugurly Medeniýet öýleri welaýatyň birnäçe obalarynda gurlup, ulanmaga berler.