Şu gün Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgesinde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan üstünlikli geçirilen işleriň barşynda ele salnan neşe serişdelerini ýakmak boýunça däbe öwrülen çäre geçirildi. Ýurdymyzyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topary, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan bu çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalarynyň, habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.
Nobatdaky çäre geçirilen mahalynda neşe serişdeleriniň 193 kilogramdan gowragy ýok edildi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy alnyp barylýan ählumumy göreşe ygrarlydygynyň we onda ýokary üstünlikler gazanylýandygynyň, türkmen döwletiniň we tutuş jemgyýetiň bu ýowuz bela garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ynsany öz toruna alyp, onuň ykbalyny keç etmäge ukyply ýowuz belany düýpli ýok etmek maksady bilen, hukuk goraýjy edaralary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, türkmen jemgyýetinde uly hormata eýe bolan ýaşulular, mugallymlar, žurnalistler we başgalar jemgyýetde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyny ymykly ýola goýmaga gönükdirilen ähli çäreleri utgaşdyrýarlar.
Neşe serişdeleri ýakylmazyndan öňürti, bu ýere ýygnananlara ele salnan neşe serişdeleriň hemmesi görkezildi, şondan soň çärä gatnaşyjylaryň her biri öz eli bilen gaplanan neşeleri 1000 gradus gyzgynlykdaky ýörite peçlerde ýakmaga mümkinçilik aldy. Şeýlelikde, howply neşe serişdeleri az salymdan küle öwrülýär. Bu çäräniň geçirilişine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri we ygtyýarly bilermenler gözegçilik edýärler.
Bu möhüm çäräniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, oňa gatnaşyjylar neşekeşlige we neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz göreşiň umumyadamzat möçberindäki wezipedigini nygtap, onuň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we bu babatda halkara guramalary, hususan-da, Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy -- BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidigini aýtdylar. Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanyn dolanyşygy we psihotrop serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hakynda bar bolan maglumatlary alyşmak ulgamy boýunça halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Derwaýys halkara, sebitleýin maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň gatnaşmak bilen Türkmenistan geçen ýylda bolsa BMG-niň 2012-2015-nji ýyllar üçin neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň düzümine girizildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň neşe serişdeleriniň-- häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine garşy göreşiň netijeli çözgüdini tapmak boýunça halkara tagallalaryny goldamaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Neşe serişdelerini üstaşyr geçirilmegine garşy bilelikdäki göreşiň jähetinde Türkmenistan neşe serişdeleriniň ählumumy ýaýradylmagyna garşy alnyp barylýan göreşi güýçlendirmegi derwaýys wezipeleriň biri hasaplaýar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga gönükdirilen döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy döredildi. Mälim bolşy ýaly, ol indi Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy diýlip atlandyrylýar. Munuň özi halkyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny goramagyň ýolunda aýgytly ädimiň biri bolmak bilen, “Döwlet adam üçindir!” diýen milli ýörelgäniň maksadalaýyk durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şeýle hem häzirki döwürde “2011-2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş, neşe serişdelerine we psihotrop serişdelerine bagly bolan adamlara kömek bermek baradaky Milli maksatnama” yzygiderli durmuşa geçirilýär. Oňa laýyklykda neşe serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň öňüni almak, neşekeşleri ýüze çykarmak we olary bejermek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek boýunça maksatnama döwlet tarapyndan goldaw berilmegi şunuň ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almaga oňyn täsirini ýetirýär. Tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman stadionlarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş tolplumlarynyň, sport zallary hem-de ýüzüş howuzlary bolan täze mekdepleriň gurluşygy giňden ýaýbaňlyndyryldy. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport çärelerine işjeň gatnaşmagy jemgyýetimiz, ilkinji nobatda bolsa ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar.
Kasamly jülgede neşe serişdeleriniň ýakylmagy biziň ýurdumyzyň parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmak işine ygrarlydygynyň we häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça ählumumy tagallalara anyk goşant goşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem-de ählumumy wehimlere garşy durmaga gönükdirilen bu asylly çärä goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.