Şu gün ýurdumyzyň gündogar sebitiniň edara ediş merkezinde Lebap welaýatynyň Döwlet ätiýaçlandyryşy guramasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Iki gatly döwrebap bina iň täze tehnologiýalar esasynda guruldy we ol Türkmenabat şäheriniň merkezi köçeleriniň biri bolan, soňky ýyllarda häzirki zaman binalaryna beslenen Bitarap Türkmenistan köçesiniň binagärlik keşbini artdyrdy.
Bu ýerde säher bilen baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürdi. Täze bina desganyň öňündäki Täze ýyl arçasy bilen utgaşyklykda bezelipdir. Türkmen halkynyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýeten derejesini wasp edýän aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar dabarada çykyş etmek bilen, häzirki döwürde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini we onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň abadançylygyny, Türkmenistanyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urmagyny, Watamyzyň ykdysady kuwwatynyň durnukly ýokarlanmagyny ugur edinýän iri möçberli özgertmeler syýasatynyň aýdyň netijesidigini bellediler.
Döwrebap kärhanalaryň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport desgalarynyň we täze edara binalarynyň hem-de durmuş-ykdysady ulgama degişli beýleki binalaryň açylmagy biziň günlerimiziň aýdyň alamatydyr. Milli Liderimize mähriban topragymyzyň we halkymyzyň abadançylygy hem-de rowaçlygy hakynda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.
Soňra dabara gatnaşyjylar edara binasy bilen tanyşdylar. Onuň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýasynyň kämil gurnamalary, özboluşly bezeg materiallary ulanylypdyr. Binada işgärler we olaryň müşderilere çalt hem-de ýokary hilli hyzmat etmekleri üçin halkara ülňülerine doly laýyk gelýän ähli zerur şertler döredilipdir. Iş otaglarynyň hemmesi häzirki zaman kompýuterleri, kämil tehnikalar we aragatnaşygyň ygtybarly ulgamy bilen üpjün edilipdir. Edara binasynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.
Dabaranyň barşynda ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dolandyryş merkeziniň keşbine bezeg beren Lebap welaýatynyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň binasyny gurmak ynanylan ýerli gurluşyk guramasynyň has tapawutlanan hünärmenlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.