Ï Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 513
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, toparyň diwanynyň işgärleri we Merkezi saýlaw toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalarynyň 2012-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilen işler, şeýle hem häzirki döwürde durmuşa geçirilýän çäreler hakyndaky habarlary diňlenildi.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu ýyl saýlaw kompaniýalaryny geçirmek jähetinde öndürijilikli ýyl boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň dowamynda iki gezek saýlawlar geçirildi. Olar 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentligine we 20-nji awgustda Geňeşleriň agzalygyna hem-de iki saýlaw okruga boýunça Mejlisiň deputatlygyna bolan saýlawlardyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary garaşsyz ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyran türkmen halkynyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwri hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysynyň täze sahypasyny açdy. Bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň köpugurly häsiýete eýe bolmagynyň derwaýyslygy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere, tutuşlygyna alnanda bolsa, saýlawlara işjeň gatnaşan we Watanymyzyň ýagty geljegine çuňňur ynamy bolan ähli raýatlaryň ykbalyna bolan gatnaşygynda aýdyň ýüze çykdy.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentligine geçirilen saýlawlar milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Şol gün ses bermäge saýlawçylaryň 96,7 göterimi gatnaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň ilatynyň ýokary raýatlyk işjeňliginiň we Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan demokrtatik özgertmelere mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga bolan ýokary raýatlyk meýilleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Geňeş agzalaryna we iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna geçirilen saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan we ýurdumyzda gadymy milli däpleriň biri bolan halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Ol saýlawçylaryň ortaça 90 göteriminiň gatnaşmagynda giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ugurlardaky giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, etraplarynda we çetdäki şäherçelerinde we obalarynda alnyp barylýan we döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleriň netijelliligine bagly bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň asyrlar dowamynda ygrarly bolan we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik hem-de durmuş ulgamyna gönükdirilen syýasaty netijesinde täze many-mazmun bilen üsti ýetirilen demokrtatik esaslaryň mundan beýläk-de bekidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda 2012-nji ýyl üçin hasabatlar tassyklanyldy we indiki ýyl üçin meýilleşdirilen çäreler anyklandy. Şeýle hem guramaçylyk meselelerine seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.