Hojambaz etrabynyň Kyrköýli obasynyň ýaşaýjylary Täze ýyl mynasybetli ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde 100 orunlyk häzirki zaman çagalar bagynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy.
Baýramçylyk mynasybetli göwnejaý ýagdaýda bezelip, dürli öwüşginlere eýe bolan täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar, çagalaryň şadyýan çykyşlary bilen uly baýramçylyga öwrüldi. Iki gatly täze binanyň öňündäki meýdançada oturdylan bezemen täze ýyl arçasynyň ýanynda Aýazbabanyň we Garpamygyň baýramçylyk sowgatlary bilen garşylamaklary körpeleriň şatlygyny has-da artdyrdy. Çagalary we olaryň terbiýeçilerini bu şanly waka mynasybetli welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular gutladylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, milletiň Lideriniň alyp barýan parasatly we döredijilikli syýasatynyň döwlet we jemgyýet durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda Watanymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Amyderýa jülgesinde hem durmuş maksatly desgalarynyň giň möçberli gurulmagy we yzygiderli ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň häzirki okgunly ösüşini alamatlandyryp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany bolup durýandygyny bellediler.
Şu gün bolsa Hojambaz etrabynyň Kyrköýli obasynda ýene bir çagalar bagy bu obanyň körpeleri üçin öz gapylaryny giňden açdy. Onda çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Täze binada amatly ýatylýan otaglar, owadan çaga mebelleri bar. Mundan başga-da, çagalar bagynda kompýuter we lingafon otaglary, saz öwrenilýän we sport zallary, ýüzüş howuzlary, naharhana, lukmançylyk nokady bar.
Çagalar şäherjiginiň abadanlaşdyrylan açyk meýdançasynda körpeler öz wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirip bilerler. Oýun oýnalýan meýdançalar olaryň ygtyýarynda bolar. Bu ýerde ertekileriň meşhur gahrymanlarynyň şekilleri hem goýlupdyr. Çagalar üçin şeýle amatly şertleri döreden “Aý gün” hususy kärhanasynyň bu binanyň gurluşygynda has tapawutlanyp zähmet çeken işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şu gün Ruhabat etrabynyň Bagyr obasynda 160 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu dabaraly gün ýaşajyk türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüp kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilen häzirki zaman çagalar bagynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen çärä gatnaşmak üçin welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular geldiler.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşileri ýaly, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde çagalar baglarynda we umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim- terbiýe alýan ýaşlaryň ygtyýaryna kompýuter ulgamynda, şol sanda multimediýada iň ýokary tehnologiýalar berilýär. Iş tejribesiniň görkezişi ýaly, munuň özi bilimleri ele almak işlerini has gyzykly guramaga ýardam berýär.
Bagyr obasynda bina edilen täze çagalar bagyny Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça “Belent gurnama gurluşyk” hususy kärhanasynyň işgärleri gurdular.
Iki gatly täze binada dürli ýaşdaky çagalaryň toparlarynyň dynç almagy üçin niýetlenen jaýlardan başga-da, iň häzirki zaman tehnika bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, kompýuter maksatnamalarynyň tilsimlerini ele almak, şeýle hem daşary ýurt dillerini öwretmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar bar. Körpeleriň beden taýdan ösmegi üçin gurnalan ýapyk we açyk sport meýdançalary, ýüzüş howuzlary ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Bularyň hemmesi Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda ajaýyp sowgat alan körpeleriň iň söýgüli ýerlerine öwrüler.

* * *