Ï Hukuk ulgamyndaky wezipeler maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hukuk ulgamyndaky wezipeler maslahatlaşyldy

view-icon 569
Şu gün Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmenistanda döwletliligiň, hukugyň we demokratiýanyň kämillik gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň işine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda döwletliligi ösdürmegiň, halkara hukuk kadalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler we durmuş ugurly syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetinde bolup geçýän demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň möhüm meselelerine garaldy. Maslahatda hukuk öwrenişiň, täze ylmy ugurlary, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, işewürligi, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet tarapyndan berilýän goldawyň ähmiýeti baradaky çykyşlar hem diňlenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty döredildi. Bu institut tarapyndan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Kanunçylyga, hukuk ulanylyş tejribesine syn amala aşyrylýar, kanunçylygyň ösüş meýillerine we ýagdaýyna seljeriş hem-de maglumat beriş synlary düzülýär.

Institutyň köptaraply işi Türkmenistanyň goşulan konwensiýalaryna laýyklykda halkara hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamagy, beýleki döwletleriň ylmy edaralary bilen hukuk meseleleri boýunça gatnaşyklary ösdürmegi, hukuk babatda ýokary hünärli ylmy işgärleri aspirantura we doktorantura arkaly taýýarlamagy, ilatyň arasynda hukuk bilimlerini wagyz etmegi öz içine alýar.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalaryndan ugur alyp, bu institut öz ylmy-barlag işleriniň meýilnamasyny işläp düzýär. Şol işleriň netijesinde, hususan-da, Türkmenistanda konstitusion hukuk, döwlet we hukuk nazaryýeti, zähmet, raýat hukugy boýunça kitaplar hem-de ylmy işleriň birnäçe ýygyndysy çap edildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşileri ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halkymyzyň gadymdan gelýän hakyky demokratik ýörelgeleriniň ösdürilmegine we baýlaşdyrylmagyna, şahsyýetiň we her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki hukuklarynyň kepillendirilmegine gönükdirilen iri möçberli oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.

Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny bildirdiler. Ýakynda milletiň Lideri tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ylmy ösdürmäge yzygiderli üns berýändigi netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli, amaly we tejribe-konstruktorçylyk işlerine zehinli ýaşlary çekmäge giň mümkinçilik açylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanýan senagat pudaklaryny okgunly ösdürmek işleri amala aşyrylýar. Munuň özi ylmy edaralarda we kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde intellektual derejä eýe bolan döwrebar hünärmenleriň kemala gelýändigini aňladýar.

Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanyny Döwlet we hukuk institutynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde, şol sanda, ýokary hünärli, häzirki zaman dünýä ylmy giňişliginde netijeli işlemegi başarýan, Watanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna öz mynasyp goşandyny goşýan ýaş alymlary taýýarlamakda öz ähli bilimlerini we tejribelerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.