Ï Türkmenistanda ilat ýazuwy tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ilat ýazuwy tamamlandy

view-icon 758
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda şu ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlandy.

Ertir - 27-nji dekabrda ilatyň sanawynyň dolulygyny we dürslügini üpjün etmek, şeýle hem hasaba almagy ýa-da iki gezek hasaba alynmagyny aradan aýyrmak maksady bilen maglumatlary saýlama esasda gözden geçirmek başlanýar. Soňra ýazuwyň resminamalaryny, kabul ediş-tabşyryş ýazgylaryny barlamak we olaryň Aşgabatdaky merkezi kompýuter ulgamyna getirmek hem-de awtomatlaşdyrylan esasda işläp taýýarlamak çäreleri başlanar.

Ilat ýazuwy bilen bir hatarda, ýaşaýyş jaý gorunyň hem hasaby geçirilensoň, ilat arasynda uly işleriň alnyp barlandygy hem-de ýazuwyň netijelerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işleriň ägirt uly möçbere eýe bolandygyny bellemeli. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, 2012-nji ýylyň uçdantutma ilat ýazuwynyň deslapky jemleri geljek ýylyň iýulynda jemleniler, onuň gutarnykly netijeleri bolsa 2014-nji ýylyň başlaryna taýýar bolar.

Nobatdaky çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde, oňa gatnaşyjylaryň, ýazuw geçirijileriň we ilatyň anyk sazlaşykly hereketi öz gezeginde ähli degişli ýazgylary geçirmäge mümkinçilik berdi.

Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň bu derwaýys çärä önjeýli goşant goşmagy onuň üstünlikli geçirilmegini şertlendirdi.

Bu çäre barada gazetlerde we žurnallarda degişli materiallaryň çap edilmegi, tele we radio gepleşikleriň taýýarlanylyp ýaýlyma berilmegi, şeýle hem wagyz işleriniň geçirilmegi, şol sanda senenamalaryň, gollanmalaryň, goýberilmegi Türkmenistanyň ilatyna bu derwaýys çärä görülýän taýýarlyk hem-de onuň geçirilişi hakynda has doly maglumat almaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň raýatlary ilat ýazuwyna örän jogapkärli çemeleşdiler we ýazuw geçirijileriň sowallaryna anyk jogap berdiler. Haýsydyr bir sebäplere görä öýünde bolmadyk adamlar ýörite guralan ýazgy bölümlerine gelip maglumat berdiler. Tutuş ýurdumyzda şeýle bölümleriň 700-e golaýy hereket etdi.

Şeýlelikde, ilat ýazuwy tamamlandy. Ýöne öňde alnan maglumatlary işläp taýýarlamak boýunça ägirt uly işler bar. Onuň netijeleri uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň, milli ykdysady ösüşiň, durmuş ulgamynyň esasyny düzüp, ol ýurduň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine bolan ösüşiniň nobatdaky badalgasyny esaslandyrdy.