Ahal welaýatynda indi üçünji gün welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça türkmen telekeçileriniň oba ýerlerinde bina eden bilim desgalaryny ulanmaga bermek dabaralary dowam edýär. Şu gün Akbugdaý etrabynyň Bereket obasynda dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşurylan “Demir don” hususy kärhanasynyň bina eden 120 orunlyk häzirki zaman çagalar bagy körpelere öz gapylaryny giňden açdy.
Iki gatly mekdebe çenli çagalar edarasynda oýun oýnalýan we ýatylýan otaglar, körpeleri mekdebe taýýarlamaga niýetlenen okuw otaglary bar. Bu ýerde olar kompýuter bilimleriniň we daşary ýurt dilleriniň esaslaryny özleşdirerler. Okuw otaglary häzirki zaman kompýuter we lingafon tehnologiýalary bilen üpjün edilipdir.
Çagalar bagynyň şäherjiginiň giň meýdançasynda körpeleriň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ýörite sport meýdançalary gurnalypdyr. Ol ýerde çagalar öz saglygyny berkidip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler.
Täze çagalar bagynyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýtçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň ösüp gelýän ýaş nesli hakynda edýän aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, mekdebe çenli täze çagalar edarasynyň ulanylmaga berilmeginiň milletiň Lideriniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar.