Ï Ajaýyp täze ýyl sowgatlary – lomaý we bölekleýin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ajaýyp täze ýyl sowgatlary – lomaý we bölekleýin

view-icon 671
Päýtagtda däp boýunça täze ýylyň öň ýanynda guralýan göçme söwdasy ýaýbaňlandyryldy. Meselem, Aşgabadyň merkezinde, „Gülistan“ döwlet söwda merkeziniň ýanynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan täze ýyl bazary diýlip atlandyrylýan baýramçylyk ruhunda bezelen söwda nokatlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde alyjylara täze ýyl baýramçylygynda gerek bolan zatlaryň ählisi hödürlenilýär.

Täze ýyl bazary köp sanly we dürli görnüşli arçalaryň alyjylara hödür edilýän nokadyndan başlanýar. Olaryň şeýle köp bolmagy uly bolmadyk arça tokaýjigyny ýada salýar. Olar esasan hem emeli usulda ýasalan arçalardyr. Bu ýerde hem gök arçalar, hem gar bilen örtülen ýa-da altyn öwüşginli, hem ak gar bilen doly örtülen arçalar bar. Şeýle arçalaryň birini satyn alan adam uzak wagtlap bu ajaýyplygy her ýyl satyn almak aladasyndan dynýar. Ýöne alyjylaryň arasynda emeli arçalaryň ulanmaga oňaýly bolandygyna garaman, tokaýda ösüp ýetişen, pürüniň ýakymly ysy bilen tikenli hakyky arçany satyn almagy halaýar. „Gülistan“ söwda merkeziniň baý arça söwda nokatlarynda hakyky arçalar hem bardyr.

Egerde siz arçany satyn alan bolsaňyz, ýöne ony bezemäge oýawaçlaryňyz ýok bolsa, onda bu ýerden bary-ýogy birnäçe ädimde ýerleşýän „Aşgabat“ Döwlet firmasynyň söwda nokadyna baryp bilersiňiz. Bu ýerde size söwdanyň geň-täsinlikleri garaşýar. Bu ýerde şöhle saçyp duran dürli reňkdäki we ölçeglerdäki şarlary, grilýandlary, monjuklary, jaňjagazlary we beýleki arça bezeglerini başgaça atlandyrar ýaly hemdäl. Eger-de siz Täze ýyly şatlykly-şagalaňly garşy almagy maksat edinen bolsaňyz – siz tokaý haýwanlary – towşanyň, aýyjygyň, tilkijigiň we beýlekileriň dürli görnüşli maskalaryny saýlap bilersiňiz.

Däp boýunça teze ýyl agşamy dost-ýarlara ýadigärlik sowgatlary edilýär. Gündogar senenamasy boýunça täze 2013-nji ýyl Ýylan ýyly diýlip hasap edilýär. Şonuň üçin hem bu ýylda iň meşhur ýadigärlik sowgady – ýylan bolar. „Aşgabat“ firmasy muny göz öňünde tutmak bilen, alyjyalra owadan, dürli görnüşly oýnawaç ýylanlary hödürleýär.

Alyjylaryň arasynda oýnawaçlaryň beýleki görnüşlerini halaýanlary hem bar. Olar üçin ýurduň Dokma senagaty ministrligi öz söwda dükanynda türkmen trikotažyndan taýýarlanan owadan gaplanan sowgatlyk harytlaryny hödürleýär. Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa, adam bedeni üçin ýakymly trikotaž önümleri hem çagalara, hem ulylara peýda we şatlyk getirer.

Azyk senagaty assosiýasynyň dükanynda täze ýyl saçagy üçin hemme zatlar göz öňünde tutulandyr: bu ýerde dürli görnüşli ýakymly içigiler we garbanyş önümleri alyjylara hödürlenilýär. Azyk önümleriniň şeýle bolçulygyna gözüň düşende „Täze ýyly nähili garşylasaň, ony şonuň ýaly hem geçirersiň“ diýen halk pähimi ýadyňa düşýär. Şonuň üçin hem bu dürli görnüşli nygmatlary satyn alaýmak galýar.

„Türkmengallaönümleri“ Assosasiýasy bolsa, ýakymly ysly çörek ňnümleriniň dürli görnüşlerini satuwa hödürledi. Jebislik bilen gaplanan bu önümleri baýramçylyk saçagyny üçin satyn alyp bolar.

Alyjylar üçin amatly bolar ýaly täze ýylyň öň ýanyndaky göçme söwdasy paýtagtyň „Teke“, „Azatlyk“, „Arzuw“, „Altyn asyr“, „Gündogar“, „Ak ýol“, „Paýtagt“ we „Älemgoşar“ bazarlarynda hem guraldy. Umuman aýdanyňda, täze ýyl bazarlary aşgabatlylaryň täze ýyly şatlykly, dabaralay, şowhunly geçirmekleri üçin hem-de onuň ýatdan çykmajak pursatlary galdyrmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.