Ï Täze ýylyň bosagasynda Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýylyň bosagasynda Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 502
Ýurdumyzyň iň günorta etrap merkezinde - Serhetabat şäherçesinde ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan 140 orunlyk 4-nji çagalar bagynyň täze binasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Iki gatly binada oýun oýnalýan zallary we ýatylýan otaglary bilen çagalar toparlary üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän otaglar ykjam ýerleşýär. Birinji gatda körpe toparlar üçin otaglar, şeýle hem sport we aýdym-saz zallary bar. Ikinji gatda uly ýaşly toparlar üçin otaglar, şeýle hem zerur zatlar bilen üpjün edilen lingafon otagy bar. Naharhana, kömekçi jaýlar, şol sanda durmuş üpjünçiligi ulgamy täze binanyň toplumyna girýär. Onuň töweregindäki çäkler bagy-bossanlyga öwrüldi we abadanlaşdyryldy, şol ýerde hiňňillikler we oňat bezelen oýun oýnalýan meýdançalar, açyk howuz bar.

* * *
365 orunlyk täze sport mekdebiniň häzirki zaman binasy Galkynyş etrabynyň dolandyryş merkeziniň binagärlik keşbini bezedi.

Mekdebiň okuwçylarynyň garamagynda uly oýun oýnalýan zal, türgenleşik geçirilýän zal, boks, stoluň üstünde oýnalýan tennis, gündogar başa-baş göreşi, milli göreş we sportuň beýleki görnüşleri boýunça okuwlary hem-de ýaryşlary geçirmek üçin kiçi zal bar. Olaryň hemmesi häzirki zaman türgenleşik, sport esbaplary bilen üpjün edilendir. Täze binada suwa düşülýän, egin-eşik çalşyrylan otaglar, lukmançylyk bölümi, tälimçiler hem-de edara işgärleri üçin otaglar hem göz öňünde tutuldy, şol bina gurlan mahaly ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri iň täze gurnamalary hem-de materiallary ulandylar.

Toplumyň açyk sport şäherçesi hem oňat abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde enjamlaşdyrylan futbol, woleýbol, basketbol, gimnastika meýdançalary, tennis korty, ylgalýan ýodajyklar bar.

Şu gün açylan täze bina soňky ýyllarda Amyderýa jülgesiniň şäherlerinde we şäherçelerinde gurlan häzirki zaman sport mekdepleriniň hasap boýunça on sekizinjisi boldy.