Şu gün Ahal welaýatynda Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda täze desgalary ulanmaga bermek dowam etdi. Düýn Ruhabat etrabynyň Bagyr obasynda täze oba çagalar bagy öz işine başlady. Şu gün bolsa bu etrabyň Garadaşaýak obasynda 600 orunlyk häzirki zaman orta umumybilim berýän mekdebi dabaraly ýagdaýda açyldy.
Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça bu nobatdaky bilim beriş desgasyny “Säher şemaly” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular, şol kärhananyň hünärmenleri mekdep okuwçylaryny şeýle ajaýyp Täze ýyl sowgady bilen begendirmek üçin göwnejaý zähmet çekdiler.
Täze mekdebiň dört gatly binasynda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda okuwçylary okatmak hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Mekdepde öwrenilýän ähli dersler boýunça ýöriteleşdirilen otaglar tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edildi, kompýuter we lingafon synp otaglary öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Zähmet okuwy boýunça iş otaglary hünär endiklerini kemala getirmek we kämilleşdirmek üçin iş ýüzündäki binýat bolup hyzmat eder. Bu ýerde gyzlar tikinçilik we aşhana sungatynyň, oglanlara bolsa netjarçylygyň we ussaçylyk işiniň syrlaryna erk ederler.
Mekdepde okalga zaly bolan kitaphana, giň naharhana göz öňünde tutuldy. Bedenterbiýe bilen meşgullanmak, şeýle hem dürli sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilen sport zaly we mekdebiň giň howluda ýerleşen meýdançalar bar.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, täze oba mekdebi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ösüp gelýän ýaş nesli sazlaşykly ösdürmek hakynda atalyk aladasyny edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa ugur alan syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Dabaranyň barşynda iň oňat gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.