Sagadyň dilleriniň 12-de birleşjek pursadyna juda az wagt galdy we täze, 2013-nji ýyl öz hökümini ýöredip başlar. Ýurdumyzyň paýtagtynyň, şäherleriniň we obalarynyň esasy meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalary oýnawaçlaryň, çyralaryň, köp dürli öwüşgünleriň täsin nury bilen şugla saçýar, şu gün şol ýerlerde şadyýan aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlar bolup geçýär, aýdym-sazlar ýaňlanýar, bagtyýar çagalar arçanyň daşynda şadyýan aýlanýarlar.
Täze ýyl baýramçylygy medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin örän gyzgalaňly döwürdir, biziň baýramçylyk şadyýanlygymyz köp babatda olara baglydyr. Şu gün paýtagtymyzyň bada-bat birnäçe meýdançalarynda dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. “Ylham” seýilgähinde, paýtagtymyzyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde geçirilen Täze ýyl konsertleriniň maksatnamasyny meşhur estrada aýdymçylarynyň çykyşlary düzdi.
Şu ýyl täze gurlan desgalaryň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Türkmen paýtagtynyň günortasynda ýerleşen özboluşly bina Aşgabadyň görküne görk goşup, diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem medeniýetli dynç alýan ýeri boldy. Merkeziň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasy bolan 37 metr beýiklikdäki owadan arça oturdyldy we hakyky ertekiler şäherçesi ýaýbaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara eserdeň, hoşniýetli garamagyň ajaýyp nusgasy bolmak bilen, her ýyl ýaş türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşýar. Ýakynda hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň çagalary bilen bilelikde ýetip gelýän 2013-nji ýylyň hormatyna geçirilýän dabaralara badalga berdi.
Şu gün bu ýerde köp sanly aşgabatlylary we şäherimiziň myhmanlaryny birleşdiren Täze ýyl baýramçylyk gijesiniň esasy wakalary bolup geçýär.
Ýaşlaryň ýerine ýetiren şadyýan aýdym-sazlary açyk asmanyň astyndaky täsin ertekiler şäherçesinde gaýtalanmajak ýakymly we baýramçylyk ýagdaýyny döredýär. Wideoproýektorlaryň monitorlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly beýik işleriň ýyly bolan 2012-nji ýylyň has ajaýyp we ähmiýetli wakalary beýan edilýär.
Türkmenistanyň sungat ussatlary, meşhur estrada aýdymçylary Täze ýyl mynasybetli ajaýyp baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar. Elbetde, Täze ýyl baýramçylygynyň esasy gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamykdyr.
Şu baýramçylyk agşamynda bütin ýurdumyzda aýratyn ruhubelentlik we hyjuwlylyk höküm sürýär. 2012-nji ýyl tamamlanyp barýar, ol ata Watanymyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslendi, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüş ýolunda nobatdaky tapgyr boldy. Geçip barýan ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de ýurdumyzyň ösüşine, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň okgunly ýokary göterilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berdi.
2012-nji ýylda Türkmenistan parahatçylygy üpjün ediji, dünýä möçberinde asylly başlangyçlaryň başyny başlaýjy, döwletiň giň halkara hyzmatdaşlyk merkezi derejesine ynamly eýe bolup, dünýä giňişligindäki abraýyny has-da berkitdi. Milli Liderimiz “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary öňe sürüp, ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagy her bir türkmenistanlynyň, her bir maşgalanyň anyk bähbitlerine tabyn etdi. Hut ileri tutulýan durmuş ugurlary ähli özgertmeler maksatnamalarynyň esasyny düzdi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap almak bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly özgertmeler bolup geçdi. Ykdysadyýet, ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş we durmuş taýdan üpjünçilik ulgamy, oba hojalygy hem-de ýangyç-energetika toplumy, ulaglar, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar, gurluşyk, medeniýet we sungat, mahlasy, bularyň her biri öz ösüşinde kuwwatly itergi aldy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan täze, 2013-nji ýyly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň gowy, hoşniýetli hem-de ajaýyp umytlary bilen baglanyşdyryp, agzybirlikde, uly hem-de dostlukly maşgala bolup garşylaýar.
Ýurdumyzyň ähli baýramçylyk meýdançalarynda mähriban Watanymyzy, onuň täze döwrüni şöhratlandyrýan ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlanýar.
Täze ýyl baýramçylygyny gaýtalanmajak we undulmajak şatlykly wakalara beslän bu dabaralar ulularyň hem-de çagalaryň ýadynda uzak wagtlap galar.