Ï Täze ýylyň gutly bolsun, arzuwlary amala aşýan bagtly ýurt!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýylyň gutly bolsun, arzuwlary amala aşýan bagtly ýurt!

view-icon 707
Täze ýyl baýramçylygynyň esasy wakalary şu gün “Älem” medeni dynç alyş merkeziň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy. Bu meýdança agşamyň düşmegi bilen dürli öwüşgünlere beslenip, bu ýerde çagalaryň arzuwlary we hyýallary, şatlyk-şowhuny, höküm sürýär. Bu ýerde, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Meýdançada oturdylan arçanyň özi daş - töwerege ýalkym saçyp, älem giňişligine uçyp gitjek bolýan kosmos raketasyny ýadyňa salýar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri arkaly ýola goýlan teleköprüniň kömegi bilen, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ýaşaýjylary bu dabara gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.


Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, aýdyň arzuwlary we täze maksatlary birleşdirýän baýramçylykdyr. Täze ýyl baýramçylygynda ýurdumyzyň iň beýik we owadan arçasynyň “Älem” medeni - dynç alyş merkeziniň ýanynda oturdylmagynyň hem özboluşly manysy bar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli ýaş türkmenistanlylara, biziň çagalarymyza, oglanlara we gyzlara ajaýyp sowgady boldy. Olar döwlet Baştutanymyzyň gadymy türkmen topragynda başyny başlan beýik özgertmelerini mynasyp dowam ederler.


Bu çagalar şäherjiginiň milli Liderimiziň gatnaşmagynda 18-nji maýda – ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 20 ýyllygynyň hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilen güni dabaraly ýagdaýda açylmagy 2012-nji ýylyň ajaýyp wakalarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwürleriň we nesilleriň mizemez arabaglanyşygynyň, türkmen halkynyň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň ýokary ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de parahatçylygyň we döredijiligiň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Şu gün bu ýerde, ak garyň ýagyp durmagyna garamazdan owadan bezelen meýdançada baýramçylyk ýagdaýy höküm sürüp, joşgunly aýdymlar we sazlar ýaňlanýar.

Tamamlanyp barýan 2012-nji ýyl biziň hakydamyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz bagly bolan beýik işlere we üstünliklere, uly zähmet ýeňişlerine, asylly başlangyçlara beslenen ýyl hökmünde girdi. Ol ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň 21 ýylynda geçilen ýoluň netijelerini jemleýän we onuň geljekki okgunly hereketinde täze maksatlary belleýän möhüm sepgit boldy.

2012-nji ýylyň uly işlerden doly bolan her bir güni döwletimiziň taryhy yylýazgysyna Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna, onuň ykdysady kuwwatynyň, halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, milletiň ruhy taýdan galkynmagyna şaýatlyk edýän täze wakalary ýazdy. Bu ýyl ozaly bilen, türkmen döwletiniň taryhyna jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny, onuň jebisleşmegini we türkmenistanlylaryň raýatlyk nukdaýnazaryny şöhlelendiren Prezident saýlawlarynyň ýyly hökmünde girdi. Türkmenistanyň halky milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ses berip, eziz Watanymyzyň gejekki ykbalyny bu beýik ynsana ynandy.

2012-nji ýyl Türkmenistan üçin halkara syýasatynda gazanylan üstünliklere beslenen ýyl boldy. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen uly çäreler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt döwletleriniň we hökümetleriniň, abraýly halkara guramalarynyň baştutanlary, görnükli syýasatçylar we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklary we gepleşikleri, halkara gatnaşyklaryny hem-de Türkmenistanyň GDA boýunça goňşulary, Ýewropa Bileleşigi we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitil ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze döwri açýan daşary syýasy başlangyçlar we uly ädimler munuň aýdyň subutnamasydyr.


Türkmenistanyň aýdyň maksatlary we meýilnamalary, ägirt uly kuwwaty bolup, ata-babalarymyzyň beýik mirasyna eýedir. Bu bolsa ägirt uly tejribe bolup, biz onuň bilen täze ýyla gadam basýarys, onuň bilen iň gowy umyt-arzuwlarymyzy baglaýarys.

Eziz Watanymyzyň raýatlarynyň durmuş derejesi durnukly ýokarlanýar. 2012-nji ýylda Bütindünýä banky ilatyň jan başyna düşýän girdejileriň derejesi boýunça biziň ýurdumyzy girdejileri ortaça derejeden geçýän döwletleriň hataryna goşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2013-nji ýylda edara-kärhanalaryň işgärleriniň iş haklary we döwlet kömek pullary 10 göterim, pensiýalar bolsa 15 göterim ýokarlanar. Bu bolsa öz gezeginde biziň esasy maksadymyza – halkyň durmuş derejesini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda ýene bir aýgytly ädim ädendigimizi aňladýar.

Innowasion ösüş – Garaşsyz Türkmenistanyň has-da gülläp ösmeginiň girewidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine biz ähli işleriň hötdesinden gelmegi başararys diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar. Täze ýylyň munuň şeýledigine nobatdaky aýdyň subutnamalary getirjekdigi gürrüňsizdir.

... Meýdançada oturdylan gözel arçanyň ýanynda baýramçylyk şowhuny ýaýbaňlanýar. Dabarany alyp baryjylar watandaşlyrymyzyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine başyny başlan özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärler.

Baýramçylyk maksatnamasyny belli estrada aýdymçylarynyň we paýtagtymyzyň tans toparlarynyň, sirk, teatr artistleriniň, wäşileriň, çeper höwesjeňler toparlarynyň we elbetde, Aýazbaba bilen Garpamygyň çykyşlary düzdi.

Teleköpri arkaly Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna welaýatlar gezekli-gezegine goşulýarlar. Paýtagtymyzy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň merkezleri bilen birleşdirýän monitorlaryň Ahal welaýatynyň Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgüniň, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat şäherleriniň Ruhyýet köşkleriniň we Mary şäherindäki welaýat kitaphanasynyň ajaýyp binalarynyň öňündäki meýdançalarda oturdylandygyny bellemek gerek.

Şu gün bu ýerde köp sanly tomaşaçylary ýygnan welaýatlaryň meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl çykyşlary hem ýaýbaňlandy. Dabaranyň myhmanlarynyň arasynda Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular bar.

Türkmenistanyň Prezidentini we tutuş türkmen halkyny welaýatlaryň häkimleri, hormatly ýaşulular, mekdep okuwçylary, medeniýet we sungat işgärleri, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hormatly adamlary gutlaýarlar.

Gadymy we bereketli türkmen topragynda ýaşaýan adamlaryň ylham joşguny we zehini bilen dörän ajaýyp aýdymlar ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär.

Dabaranyň esasy wakasy başlanýar – telemonitorlaryň ekranlaryndan Türkmenistanyň halkyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Meýdança ýygnananlar we watandaşlarymyzyň millionlarçasy milli Liderimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Garaşsyz Watanymyza, onuň şu gününe we geljegine bolan ägirt uly buýsanç duýgusy şu tolgundyryjy we dabaraly pursatlarda ähli türkmenistanlylary has-da jebisleşdirýär.

... 2012-nji ýylyň soňky sekuntlary sanalýar we sagadyň dilleri 12-de saklanýar. Ähli türkmen teleýaýlymlarynda Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden we dabaraly ýaňlanýar.

Şol pursatda asuda asmanymyzy 2013-nji ýyly dabaraly garşylamagyň hormatyna dürli reňkli feýerwerkler ýagtylandyryp, töwerege dürli öwüşgünleri saçýar. Olar misli ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny alamatlandyrýan ýaly yzly-yzyna ýanyp öçýär.

Welaýatlarda Täze ýyl çykyşlary sungat ussatlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň, çeper höwesjeňleriň, şol sanda “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijileriniň, birleşen folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam edýär.

Täze ýyl baýramçylygy täze döwrüň nyşanyna, Berkarar döwletimiziň bygtyýarlyk döwrüniň binagärlik nyşanyna öwrülen Garaşsyz Watanymyzyň merkezinde – türkmen paýtagtynda hem dowam edýär. Tamamlanyp barýan 2012-nji ýylda ýurdumyzyň baş şäheri täze iri desgalaryň ençemesine beslenip, olaryň her biri Aşgabadyň görküne görk goşýar. Paýtagtymyzyň gözellikleriniň üstüni ýetiren, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen “Älem” medeni - dynç alyş merkezinden başga-da, olaryň arasynda täze ýokary okuw şäherjikleri, şeýle hem ak mermerli belent jaýlar, orta mekdepler we çagalar baglary bar.

Ine, 2012-nji ýyl hem taryha girip, şöhratly işleriň ýyl ýazgysynyň nobatdaky sahypasyna öwrüldi.

Täze, 2013-nji ýyl öz hasabyny ýöredip başlady.

Täze ýylyňyz gutly bolsun, türkmenistanlylar!

Eziz Batanymyza, her bir öýe we biziň ajaýyp ýurdumyzyň her bir raýatyna parahatçylyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk hemra bolsun!

Hemmelere bagt we şatlyk ýaran bolsun!