Şu gün paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň başlanmagyna badalga beren dabara boldy. Çagalar mekdep dynç alyş günlerinde Gökderä ugraýarlar, şol ýerde häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezleriniň ondan gowragy ýerleşýär.
Biziň ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlaryny hemmetaraplaýyn aladasy bilen guşap alan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde bu özboluşly tebigy şypahanada her ýyl ýurdumyzyň künjeklerinden mekdep okuwçylary öz boş wagtlaryny geçirýärler. Olar täsin türkmen tebigatynyň gujagynda dynç almagyň şatlygyny doly derejede dünýäniň dürli künjeklerinden ýaş myhmanlar hem paýlaşýarlar, myhmanlar türkmen paýtagtynda we Watanymyzyň beýleki şäherlerinde her ýyl geçirilýän halkara döredijilik we intellektual duşuşyklarda ýygy-ýygydan bu ýerde bolýarlar.
Türkmen mekdep okuwçylaryny Gökderä ugratmagyň dabarasyna Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança Aýazbaba, Garpamyk we çagalar ertekileriniň beýleki söýgüli gahrymanlary geldiler. Olar köşgüň döredijilik gurnaklarynda terbiýelenýärler we beýleki çeper höwesjeňler toparlary bilen bilelikde çagalar üçin ajaýyp Täze ýyl çykyşyny taýýarladylar. Artistler dostlukly çykyşlar we ajaýyp sazlar, şadyýan aýdymlar hem-de özüne çekiji tanslar bilen çagalary ugratdylar, olary awtobuslaryň kerweni tiz wagtdan baýramçylyk bezegindäki Gökderä şypahanalaryna getirdi, şol ýerde hem şadyýan çagalary Aýazbaba we Garpamyk ertekilerdäki gahrymanlary bilen garşy aldylar.
Bilim ministrliginde TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, mekdep dynç alyş günleri bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürer. Özüne çekiji we gyzykly çäreleriniň maksatnamasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmagy bilen taýýarlanylan çärelerde owadan arçanyň töwereginde Täze ýyl mynasybetli aýlanmakdan başga hem çagalaryň köp taraply döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen dürli çäreler hem meýilnamalaşdyryldy. Iň gowy Täze ýyl lybaslary, diwar gazetler ugrunda bäsleşikler bolar. Däp boýunça Aýazbabanyň, Garpamygyň her ýylky bäsleşikleri, şeýle hem Täze ýyl arçalaryny özboluşly bezemek boýunça bäsleşikler geçiriler.
Döredijilik toparlary we döwlet teatrlarynyň artistleri gyşky dynç alyş şu günlerinde çagalaryň myhmanlary bolarlar, olar Gökderede dynç alýan çagalar üçin ýörite Täze ýyl çykyşlaryny taýýarladylar.
Mahlasy, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny guraýjylar şol dynç alyş günlerinde Gökderäniň çagalar sagaldyş merkezlerinde çagalara ençeme şadyýan duşuşyklaryň, täsinlikleriň şaýady bolarlar we elbetde, Aýazbabadan hem-de Garpamykdan ajaýyp sowgatlary alarlar, mahlasy, bu ýerde Täze ýyl baýramçylyk ýagdaýy höküm sürer…