Hemişe türkmen topragyna tagzym edýän desgalar-Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýüzi diýip hasaplap bileris. Olar -ýerastyndaky baýlyk bolan nebiti çykarýan desgalar.
Olar şäheriň çäginden uzaklykda Balkanabat-Gumdag garaýolunynda geleni garşylap, gideni ugradyp durlar. Şol bir wagtyň özünde olar Gumdag şäheriniň bu ýerdäki nebit bilen gazyň gorlarynyň özleşdirilmegi sebäpli dörändiklerini aýdyň nygtaýarlar. Bu ýerde „Türkmennebit“ Döwlet Konserniniň ýerasty baýlyklarymyz bolan, nebit-gazy gazyp çykarýan müdirligi we onuň önümçilik – tehniki düzümleri ýerleşýär. Şäheriň oturymly ilaty – nesilden-nesle nebitçi bolup gelýärler.
Soňky ýyllarda şäheriň gurluşygy öz giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Bu gurluşyk işlerinde hususyýetçiligiň orny bellärliklidir. Hususan häzirki wagtda „Ýedi ýer“ hojalyk jemgyýeti 600 orunlyk orta mekdebiň, 365 orunlyk sport mekdebiniň we 140 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyny alyp barýar. „Tokgar gurluşyk“ hususy kärhanasy hem ýen-de bir sport mekdebiniň gurluýygyy alyp barýar. Bu sanawa gurlup ulanylmaga berilen birnäçe medeni-durmuş hyzmatly binalary, düýpli abatlaýyş işleri geçirilen şäher keselhanasyny, mekdep we mekdebe çenli ýaşlar üçin niýetlenen desgalary goşup bolar. Şähriň gurluşyk işleri bilen bir wagtda köçeleriň , meýdançalaryň we seýilgähleriň abadanlaşdyrma we agaç ekmeklik işleri alnyp barylýar.
2012-nji ýylyň soňky günlerinde ýaşamak üçin amatly şertleri döredilen iki sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy we bu täze jaýlarda nebitçileň maşgalalary jaý toýlaryny tutdular.