Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň nobatdan daşary gurultaýy bolup geçdi. Oňa bu iri ynsanperwerlik guramasynyň welaýatlardaky bölümleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem TGÝMJ bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklap işleýän halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gurultaýyň gün tertibine möhüm ähmiýetli meseleleriň birnäçesi, şol sanda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi geňeşiniň, welaýatlardaky bölümleriň we maliýe toparynyň geçen 2012-nji ýyldaky işiniň netijeleri bilen bagly mesele goşuldy.
Hasabat döwründe Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň doly hukukly agzasy bolup durýan bu Milli jemgyýet ýurdumyzyň hökümeti, ministrlikleri, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, dürli ugurlar boýunça işleri geçirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşdy.
Şeýle hem forumda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 2013-nji ýyl boýunça iş meýilnamasy tassyklandy we guramaçylyk meselesine garaldy. Guramanyň ýolbaşçysy Ş. Mämmedowa TGÝMJ-niň başlygy wezipesinden boşadyldy. Gurultaýa gatnaşyjylar bu wezipä M.Açylowany biragyzdan saýladylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň nobatdan daşary gurultaýynyň işiniň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.