Täze ýylyň ilkinji günlerinde Garabekewül etrabynyň Şorly obasynyň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň " çäklerinde ýerli gurluşykçylaryň bina eden 100 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Ir säherden çagalar bagynyň öňi köp adamly boldy. Bu ýere oba ýaşaýjylary we mekdebe çenli çagalar edarasynyň körpeje eýeleri ýygnandylar. Iki gatly täze bina baýramçylyk görnüşinde göwnejaý bezelipdir. Açylyş dabarasynda etrabyň medeniýet edaralarynyň aýdymçylary, tansçylary we sazandalary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Olar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa öňdengörijilikli parasatly syýasaty üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Durmuş ugruna gönükdirilen ol syýasat bolsa döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda häzirki okgunly ösüşi üpjün etdi.
Özboluşly binagärlik usulynda gurlan täze çagalar bagynda körpeleriň sazlaşykly terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Amatly ýatylýan otaglar, dürli oýnawaçlar bilen üpjün edilen oýun oýnalýan otaglar olaryň hyzmatynda bolar. Häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan okuw we lingafon otaglarynda çagalar ilkinji binýatlyk bilimleri ele alarlar. Täze binalar toplumynda oňat abzallaşdyrylan aşhanaly naharhana, saz öwrenilýän zal, lukmançylyk otagy bar. Çagalaryň beden taýdan berkemegi üçin sport zaly, ýapyk ýüzüş howdany, açyk oýun meýdançalary göz öňünde tutulandyr.
Çagalar şäherjiginiň çäkleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, ol ýerde hiňňillikler, ertekileriň gahrymanlary şekillendirilen heýkeljikler oturdylypdyr. Binadaky özbaşdak ýyladyş ulgamy otaglarda kadaly howanyň bolmagyny üpjün eder.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Lebap welaýatynda hem tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Häzirki wagtda Amyderýa jülgesiniň obalaryndadyr şäherlerinde häzirki zaman çagalar baglarynyň onlarçasy gurulýar. Olaryň köpüsi beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalar ýaly şu ýyl ulanmaga berler.