Ï Saglyk tehnologýalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglyk tehnologýalary

view-icon 594
Ýurduň şypahanalarynda kompýuterleşdirmegiň toplumlaýyn ulgamy ornaşdyrylýar. Ol nomerleri öz wagtynda bronlaşdyrmagy, syrkawlary aňsat we çalt ýerleşdirmegi, tehniki hyzmatlara gözegçilik etmegi, şypahananyň monitoringine we ýagdaýyna gözegçilik etmegi, onuň işiniň takyk we doly maglumatyny öz içine alýar. Şypahanalarda bu ulgamyň ulanyş girizilmegi bilen, bejergi alýanlaryň nobaty aradan aýryldy, dynç alýanlara lukmançylyk hyzmatlaryna gatnamagyň meýilnama ulgamy girizildi. Lukmançylyk gözegçiliklerindrn geçýänleriň sanyna we hiline gözegçilik artdyryldy.


Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri şypahana terapiýasynyň we keselleriň öňünil alyş usullaryny işläp taýýarlaýarlar we synag edýärler. Işläp taýýarlamalar balneologiýany, lukmançylyk telekommunikasiýalaryny we saglyk telemonitoringini öz içine alýar, lukmançylyk uniwersitetiniň käfedralarynda şypahanalaryň lukmanlarynyň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şypahanalaryň baş hünärmenleri bilen bilelikde sagaldyş-dynç alyş bejerginiň tertibi düzülýär. Onda ippoterapiýanyň, düýe çalynyň bejeriş aýratynlyklary, aromaterapiýa, psihoterapiýa, ýoga, daýtwingterapiýa, saglyk gezimi ýaly bejeriş usullary göz öňünde tutulýar.


Türkmenistanda şypahana işini innowasion ösdürilmegiň strategiýasy nozologiýa boýunça toplumlaýyn maksatnamalary, stasionardan soňky bejergini, çagaly maşgalalary sagaltmak, SPA-tehnologiýalary öz içine alýar. Soňky ýyllarda şypahanalarda apparat fizoterapiýalar usullaryny peýdalanmagyň möçberi epesli artdy, ylmy taýdan esaslandyrylan sagaldyş tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bejeriş şypahanalarynda täsir etmegiň fitopreparatly giň spektriniň balneofaktorly utgaşmasy ýaly usullarynyň kämilleşdirilmeginiň hem geljegi örän ulydyr.