Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň mejlisler zalynda maslahat boldy, onuň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji ýanwarda bolan mejlisinde ýurdumyzda geçirilýän dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maslahata hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahata ganaşyjylar üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň mejlisler zalynyň öňünde ýaýbaňlanan sergisi guraldy. Bu ýerde türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary barada gürrüň berýän gymmatlyklar hem görkezildi. Haly we zergärçilik önümleri, halkara derejesindäki iri ýaryşlarda türkmen türgenleriniň mynasyp bolan kuboklary we medallary, Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikleriň nusgalary bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.
Ýakyn wagtlarda boljak şanly seneleri – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi, Halkara zenanlar gününi, Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramyny, Türkmen bedewiniň, Türkmen halysynyň baýramlaryny, Bütindünýä saglyk gününi we beýlekileri bellemäge görülýän taýýarlyk boýunça maksatnamany ara alyp maslahatlaşmak maslahatyň esasy meselesi boldy. Geçiriljek dabaralar türkmen halkynyň ägirt uly zähmet üstünliklerini gazanmaga we döredijiligiň täze belentliklerini eýelemäge çalyşmagynyň aýdyň beýany bolmalydyr diýlip bellenip geçildi.
Milli baýramsylyklar türkmen halkynyň köpasyrlyk şanly geçmişinden gözbaş alýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetindäki däpler öňe hereket etmäge, döredijilige gollanmadyr, özüňde iň oňat häsiýetleri—ahlak päkligini, ruhubelentligi, ylma we bilime, kämillige ymtylyşy kemala getirmäge çagyryşdyr. Häzirki eýýam Berkarar döwletimiziň baýtyýarlyk döwründe ýokary taglymlary we maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinilýändigi mynasybetli milli däpleri baýlaşdyrmaga esaslanan döwrüň ruhy ideologiýany kemala getirmegi türkmen jemgyýetiniň gün tertibine girizdi. Ösüşiň bu strategiýasy türkmen halkynyň baý taryhyny, milli mirasymyzy öwrenmäge we oňa baha bermäge, Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünliklerini baýlaşdyrmaga mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Döredijilikli zähmet, ýokary ruhubelentlik biziň halkymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini açmagy maksat edinen bu strategiýanyň möhüm ugrudyr.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda bellenip geçilýän baýramçylyklaryň hatarynda milli baýramçylyklar hem, halkara baýramçylyklary hem bar, olaryň arasynda diňe bir täze durmuşyň başlanmagyny, tebigatyň oýanmagyny we täzelenmegini, bahar paslynyň gelmegini däl-de, eýsem, belent ynsanperwer hil sypatlarynyň, hoşniýetliligiň we halallygyň—türkmenleriň milli häsiýetinde öz beýanyny tapan alamatlaryň dabaralanmagyna beslenen Nowruz baýramy bar. Häzirki eýýamda täze mazmun bilen baýlaşdyrylan bu şanly baýramçylyk täze derejä çykdy we halkara derejesine eýe bolmak bilen, dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň 24 döwletiniň goldamagynda 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nowruz baýramy UNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewralynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji maslahatynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň we Täjigistanyň teklibi boýunça Rezolýusiýa kabul edildi, şoňa laýyklykda her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi we döwletleriň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan hem-de Merkezi Aziýadan Balkana we Ýakyn Gündogara çenli çäklerde ýaşaýan halklaryň taryhy – medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde giňden bellenip geçilýär.
Şu ýyl hut Türkmenistanyň Nowruz baýramy bellenilýän günlerde myhmanlary kabul etjekdigini belläp geçmeli. Şeýlelikde, Milli bahar baýramy tebigy esasy, taryhy gelip çykyşy we baý medeni mirasy, ruhy däpleri özünde jemleýän köpugurly baýramçylyk boldy. Iň esasysy bolsa ol ähli halklar tarapyndan sarpalanylýan gymmatlyklara – parahatçylyga, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, abadançylyga, yhlasly zähmete we döredijilik gujur-gaýratyna esaslanýar. Nowruzyň halkara we ynsanperwer ähmiýeti, onuň halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrjak birleşdiriji häsiýeti şundan ybaratdyr.
Täze eýýamda halkymyzyň milli baýramçylyklarynyň hemmesi seýilgählerde konsert maksatnamalary, sahnalaşdyrylan ajaýyp çykyşlar, söwda ýarmarkalary, milli oýunlar we sport ýaryşlary bilen garşylanýar. Bu ajaýyp baýramçylyklar her bir maşgala, her bir öýe şatlyk eçilip, türkmen halkynyň milli düşünjesiniň aýrylmaz bölegi bolup galýar.
Maslahatda çykyş edenler döwlet Baştutanymyz tarapyndan milli we döwlet baýramçylyklaryny agzybir maşgala bolup dabaraly belläp geçmek, däp-dessurlarymyza täze mazmun bermek, jemgyýetimizde ýokary watançylyk taglymlaryny ykrar edip, raýatlarymyzda öz ýurduna bolan buýsanjy artdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil adamlar edip terbiýelemek üçin örän amatly şertleriň döredilendigi hakynda aýratyn hoşallyk bilen söz açdylar. Bu däpler parlak ýyldyzlar ýaly beýik maksatlara biziň dolanuwsyz hereketimiziň hakyky çelgilerini açyp, halkymyzyň täze müňýyllyklara ýoluny nurlandyrýar.
Şeýle hem maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmeleri mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde duran wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, geçirilýän işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň täze ugurlary we usullary hakynda düýpli söhbetdeşlik boldy. Bu ýere ýygnananlar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň aladasy netijesinde döredijilikli zähmet üçin ähli şertleriň döredilýändigi, hünär taýdan kämilleşmek üçin iň amatly we giň mümkinçilikleriň açylýandygy barada bir pikire geldiler.
Türkmen döwletiniň ösüşiniň täze tapgyrynda esasy ugurlaryň kesgitlenendigini maslahata gatnaşyjylar nygtap geçdiler, öz tagallalaryny jemgyýetçilik guramalary bilim meselelerine, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge, sagdyn durmuş ýörelgesi hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hereketiniň taglymlaryny wagyz etmäge jemlemelidirler.
Bu gün Türkmenistan döwleti adamy iň ýokary gymmatlyk saýyp, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýar diýip, bu ýere ýygnananlar häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlarynda geçirilýän özgertmelerde biziň ýurdumyzyň dürli jemgyýetçilik guramalarynyň artýan ornuny kanagatlanmak bilen nygtap geçdiler. Bu babatda 9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisiniň bolandygy baradaky habar diňlenildi, şol mejlisde müdiriýetiň başlygy wezipesine M.Saryýewa saýlanyldy.
Maslahata gatnaşyjylar işjeň alada edýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirip, Ýüzlenme kabul etdiler, şol Ýüzlenmede olar milli baýramçylyklary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna we talaplaryna laýyk derejede geçirmek, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini beýan etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny hem-de maslahatlaryny abraý bilen durmuşa geçirmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini we ukyplaryny sarp etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.