Ï Kenarýaka şäherçelerde çagalar baglarynyň gurluşyklary alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kenarýaka şäherçelerde çagalar baglarynyň gurluşyklary alnyp barylýar

view-icon 525
Türkmenbaşy şäheriniň ýakynynda – şäher tipli Kenar şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna başlanyldy.

Okuw ýaşyna çenli ýaşly çagalar üçin gurulýan bu iki gat binanyň gurluşyk işlerini Balkan welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça “Gujurly gollar” hususy kärhanasy alyp barýar. Bu müdirligiň buýurmasy boýunça ýene-de bir 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyny “Sähra gurluşyk” hususy kärhanasy Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziliniň awiatorlarynyň şäherçesinde gurýar. Bu okuw ýaşyna çenli desgasynyň ikisini hem 2013-nji ýylyň tomus paslynyň ahyryna çenli ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu şäherde mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň gurluşygy bilen bir hatarda hereket edýän býujete we edaralara degişli bolan çagalar baglaryny düýpli abatlamak boýunça işleriň möçberi barha artýar.

Täze we döwrebaplaşdyrylan çagalar baglarynda we kombinatlarynda çagalaryň saglyklaryny hemme taraplaýyn berkitmekleri, öz zehinlerini we başarnyklaryny doly açyp görkezmäge ähli şertler döredilendir. Ýagty we giň ýatylýan otaglar, geýim çalşyrylýan oňaýly otaglar, amatly oýun we okuw otaglary, şol sanda kompýuter otaglary, zähmet okuwy üçin otaglar, saz zallary we gyzyklanma boýunça jaýlar çagalaryň hyzmatynda bolar. Kiçi ýaşly toparlar üçin oýun oýnalýan otaglar bilen ýatylýan garyşyk otaglar we kiçi naharhanalar bolar. Arassa açyk howada dynç almak üçin oýun we sport çagalar meýdançalary enjamlaşdyyrylar, açyk telärler gurular, gül we bag ekmek üçin ýörite ýerler bölünip beriler.